Golaýda Daşoguz welaýatynyň Türkmen oba hojalyk institutynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň bilelikde guramagynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak»ýylyny dabaralandyrmak talyp ýaşlarda öz okaýan hünärine bolan söýgisini kemala getirmek, ylym-bilim we döredijilik zehinini açyp görkezmek maksady bilen institutyň kafedralarynyň arasynda «Hünärime hormatym bar, sarpam bar» atly bäsleşigini geçirdi.
Bäsleşikde talyp ýaşlar özleriniň okaýan hünärini ussatlyk bilen wasp edip öz aralarynda bäsleşdiler bäsleşik Maldarçylyk, Mallaryň kesellerini anyklamak we bejermek kafedrasynyň talyplary Baş baýraga I orna Ösümlikçilik kafedrasynyň talyplary II orna Traktor we oba hojalyk maşynlary, bagbançylyk we gök ekerançylyk kafedrasynyň talyplary III orna Oba hojalygynyň guralyşy we dolandyrylyşy, Agrohimiýa we topragy öwreniş, Oba hojalygynyň meliorassiýasy kafedrasynyň talyplar topary mynasyp boldular.
Bäsleşige gatnaşan we ýeňiji bolan talyplar toparyna Türkmen oba hojalyk institutynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.
Nurýagdy GALPAKOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat
Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň
baş hünärmeni