WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

Ýakynda Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrap Geňeşi, etrap bilim bölümi bilen bilelikde guramagynda etrabyň 3-nji orta mekdebinde «Ahlak arassalygy – ruhy tämizlik» atly şygar astynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa mekdebiň ýokary synp okuwçylary we mugallymlar gatnaşdy. Milli mirasymyz, däp-dessurlarymyz, ene-mamalarymyzdan gelýän asylly ýörelgeler, ahlak kadalary, urp-adatlar baradaky gürrüňler çykyşlaryň özenini düzdi.

Duşuşykda maşgala mukaddesligi, edep-ekram, ahlak arassalygy, şeýle-de sagdyn durmuş kadalary hakynda aýdylanlar uly täsirleri döretdi. Şeýle hem halkymyzyň parahat, asuda ýaşamaklary üçin has oňaýly şertleri döretmek hem-de ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek ugrunda uly işleriň durmuşa geçirilýändigi, bedenterbiýäniň we sportuň ynsan saglygy üçin uly ähmiýete eýedigi, sport bilen meşgullanmagyň adam bedeniniň berkemeginde ornunyň uludygy, sportuň beden we ruhy taýdan sagdynlygy, çuňňur pikirlenmegi we her bir işlerde netijeli çözgütleri çykarmak endiklerini, ugurtapyjylygy, çeýeligi ösdürýändigi dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.

Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimizi okamaklary bilim almaklary üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Gylyç GYLYJOW,

Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň

çagalar sungat mekdebiniň bagşy hünäriniň mugallymy,

TMÝG-niň Ruhubelent etrap Geňeşiniň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

14 Iýul 2025 | 268 okalan

PARAHAT ÝURDUŇ BAGTLY PERZENTLERI

14 Iýul 2025 | 266 okalan

DILLERDE DESSAN WATANYM

14 Iýul 2025 | 262 okalan

KIM ÇALASYN, KIM ÇAKGAN