Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi etrabyň bilim bölümi bilen bilelikde etrabyň 21-nji orta mekdebinde okuwçy ýaşlaryň we olaryň ene-atalarynyň gatnaşmagynda «Nesilleriň saglygy-Watanymyzyň baş baýlygy» atly wagyz-nesihat ýygnagyny geçirdi. Mekdebi tamamlaýan uçurymlaryň «Soňky jaň» dabarasyny meýilnama esasynda geçirmek, tomusky dynç alyşa çykýan okuwçylaryň dynç alyş möwsümi döwründe dürli nogsanlyklardan daşda durmaklaryny gazanmak maksady bilen geçirilen wagyz-nesihat ýygnagynda hukuk goraýjy edaralarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri «Soňky jaň» dabarasyny guramaçylykly geçirmek we zyýanly endiklerden daşda durmak, ýol hereket düzgünlerini doly we dogry berjaý etmek ýaly temalarda täsirli çykyş etdiler.
Begenç GARAMURADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň başlygy.