HALYÇY UÇURYM 2025

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli mirasymyzy içgin öwrenip, onuň ähli ajaýyplyklaryny açyp görkezmeklige döredip berýän mümkinçiliklerinden ugur alyp, ýurdumyzda haly sungatynyň gadymdan gelýän inçe syrlaryny has içgin öwrenmeklige giň ýollar açylýar. Ýurdumyzyň orta mekdeplerinde okaýan okuwçy gyzlarymyzyň hem haly we keçe sungatynyň inçe syrlaryny içgin öwrenmeklerini gazanmak maksady bilen ähli şertler döredilen. Şol şertlerden we mümkinçiliklerinden ruhlanyp, okuwçy gyzlaryň haly dokamaklyga, keçe basmaklyga höweslerini artdyrmak maksady bilen Akdepe etrap häkimligi, Akdepe etrap bilim bölümi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşi bilen bilelikde Akdepe etrabynyň orta mekdepleriniň 12-nji synp okuwçy gyzlarynyň arasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylyny dabaralandyrmak we Haly baýramy mynasybetli «Halyçy uçurym» hem-de «Gülüň owadan» atly şygar bilen haly dokamak boýunça bäsleşigini geçirdi. Bäsleşige etrabymyzyň orta mekdepleriniň 12-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlar topary gatnaşyp, haly dokamak hem-de keçe basmak boýunça öz ukyplaryny açyp görkezdiler. Eminler toparynyň düzüminde mährem eneler, ussat halyçy zenanlar bolup bäsleşikde 1-nji orna 41-nji orta mekdebiniň çeper elli okuwçy gyzlar topary, 2-nji orna 22-nji orta mekdebiň okuwçy gyzlar topary, 3-nji orna bolsa 23-nji orta mekdebiň okuwçy gyzlar topary ýeňiji bolmagy başardylar. «Halyçy uçurym» hem-de «Gülüň owadan» atly şygar bilen haly dokamak we keçe basmak boýunça bäsleşiginde ýeňiji bolan uçurym gyzlara Akdepe etrap bilim bölüminiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşiniň, Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Akdepe etrap Geňeşiniň sowgatlary, hormat hatlary gowşuryldy.

Sülgün PIRIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Akdepe etrap Geňeşiniň bölüm bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

14 Iýul 2025 | 271 okalan

PARAHAT ÝURDUŇ BAGTLY PERZENTLERI

14 Iýul 2025 | 269 okalan

DILLERDE DESSAN WATANYM

14 Iýul 2025 | 271 okalan

KIM ÇALASYN, KIM ÇAKGAN