2024-2025-nji okuw ýylynyň «Soňky jaň» dabarasy «Ýoluňyz ak bolsun, geljegiňiz ýagty, Berkarar döwletiň bagtyýar nesli» atly şygar astynda Daşoguz şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiniň öňündäki meýdançada aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Şatlyk şowhuna beslenen bu dabarada Daşoguz welaýatynyň Baş Bilim müdirliginiň, TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň işjeň agzalary, tejribeli mugallymlar, welaýat we şäher häkimlikleriniň jogapkär işgärleri, ýaş uçurymlaryň ata-eneleri, deň-duşlary gatnaşdylar. Dabara Döwlet senasynyň ýaňlanmagy bilen başlady. Dabarada hormatly mugallymlar, ata-eneler mekdebi tamamlap uly durmuşa gadam basýan uçurymlara ýürek tolgunmadan, buýsançdan doly sözlerini aýtdylar.
Soňra «Soňky jaň» dabarasynda mekdebi has tapawutly bahalar bilen tamamlan uçurymlara, Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Asmana uçurylan ak kepderiler arşa göterilen ak arzuwlary ýada salyp, göwünlere ganat berdi. Ýaşlar üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Soňra çeper höwesjeňleriň Watanyň, il ýurdyň, döwletli döwranymyzyň waspyny edýän şirin owazly aýdym-sazlarydyr joşgunly tanslary, belentden-belent ýaňlanyp, ýygnananlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.
Sabyrgeldi BEGOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher
Geňeşiniň başlygy.