Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda ýurdumyzda sporty bedenterbiýäni ösdürmek, döwletimiziň halkara derejesinde sport abraýyny belende götermeklige hem ýokary derejede üns berilýär. Bu ugurda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň oňyn netijelerini ýurdumyzda geçirilýän halkara derejesindäki sport ýaryşlarynda, türkmen türgenleriniň sportuň dürli görnüşleri boýunça daşary ýurtlarda halkara sport ýaryşlarynda gazanýan üstünliklerinde aýdyň görýäris.
Golaýda goňşy Özbegistan döwletiniň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilen sportuň Aşihara-karate görnüşi boýunça Aziýanyň kubogyny almak boýunça halkara derejeli ýaryşda hem ýurdumyzyň ýygyndy topary üstünlikli çykyş edip III orny eýeledi. Bu halkara derejeli ýaryşa öz şägirtleri bilen gatnaşan Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň 1-nji sport mekdebiniň tälimçisi Jumamyrat Baýlyýew ýaryşyň geçirilişi dogrusynda şeýleräk gürrüň berdi:
- Daşkent şäherinde Aziýanyň kubogyny almak ugrunda geçirilen ýaryşa jemi on üç döwletden toparlar gatnaşdy. Türkmenistanyň ýygyndy toparyndan jemi ýigrimi dört türgen gatnaşdy we ählisi üstünlikli çykyş dokuz sany, altyn, dokuz sany kümüş, alty sany bürünç medala mynasyp bolup, III orny eýelemegi başardy. Bu halkara ýaryşa biziň etrabymyzdan hem sekiz sany ýaş türgen üstünlikli çykyş etdi. Ýaş türgenlerimiziň arasynda, ýagny Görogly etrabynyň 40-njy orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Şükürgeldi Baýramgeldiýew, Görogly etrabynyň 39-njy orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Şyhnazar Dädebaýew ýaly on-on bir ýaşly türgenlerimiz hem ýaşlygyna garamazdan ýaryşda üstünlikli çykyş edip, medala mynasyp boldular. Halkara derejeli ýaryşda döwlet senamyzyň ýaňlanmagynda ýaşyl tugumyzyň galdyrylmagy toparymyzyň ähli agzalaryny buýsandyrdy. Ýaş türgenlerimiziň ýüreklerinde gelejekdäki halkara ýaryşlarda hem ýeňişler gazanmaklyga uly ynam döretdi. Häzirki ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzda ýaşlara sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklyga, saglyklaryny berkitmeklerine, döwlet we halkara derejeli ýaryşlarda çykyş etmeklerine ähli mümkinçilikler döredilen. Bularyň ählisi hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesillerimiz üçin edýän aladalarynyň oňyn netijeleri. Biz hem gelejekde ata Watanymyzyň sport abraýyny belende galdyrjak ýaş türgenlerimiziň sanyny artdyrmakda öz zähmetimizi gaýgyrmarys.
Biz hem gelejekde ata Watanymyzyň sport abravyny belende galdyrjak ýaş türgenlere tälim berýän halypa tälimçi Jumamyrat Baýlyýewe alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw edýäris!
Kemal SABYROW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.