BIZ WATANYŇ BALASY

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Şabat etrap Geňeşi etrabyň «Dostluk» seýilgähinde etrabyň çagalar bakja-bagynda terbiýelenýän çagajyklaryň arasynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli «Biz watanyň balasy» atly gezelenç çäresini geçirdi.

Gezelenç çäresinde bagtyýar körpeler aýdym-sazly çykyşlara, türkmen milli oýunlarynyň dürli görnüşlerine tomaşa etdiler. Gezelenç çäresiniň dowamynda baýramçylyk dabarasyna gatnaşýan çagalar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Watanymyza bolan ýürek buýsançlaryny özleriniň goşgulary bilen beýan etdiler.

Ähli ýagşy arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdunda Ata-Watanymyz Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşymyzyň gül-gunçalary, halkymyzyň gelejegi bolan çagalaryň ylymly-bilimli, edep-terbiýeli, watansöýüji, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin uly işler amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ähli tutumly işleriniň elmydama üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

Öwezmyrat TEKÄÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Şabat etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Indiki makala

HOŞ GAL BAKJAM!

Meňzeş habarlar

30 Maý 2025 | 33 okalan

ÇAGALARYŇ GÜLKISI, ŞATLYGYŇ SESI

30 Maý 2025 | 27 okalan

HOŞ GAL EZIZ BAKJAM, SALAM AK MEKDEBIM!

29 Maý 2025 | 37 okalan

ŞIRWAN PERDEDEN GALSANA BAGŞY!