Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi, etrap bilim bölümi bilen bilelikde etrabyň 7-nji çagalar bagynda «Hoş gal bakjam!» atly aýdym-sazly dabara geçirildi.
Çagalar baglarynyň mekdebe taýýarlaýyş toparlarynda terbiýelenýän, täze okuw ýylyndan ak mekdeplere gadam basjak körpeleriň çagalar bagy bilen hoşlaşyk dabarasyny şatlykly, ýatda galyjy pursatlara beslemek maksady bilen geçirilen aýdym-sazly dabara TMÝG-niň Görogly etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň jogapkär işgärleri, 7-nji çagalar bagynyň mekdebe taýýarlaýyş toparynyň körpeleri, terbiýeçileri, mugallymlary, ene-atalar gatnaşdy.
Aýdam-sazly dabarada körpeler öwrenen türkmen, rus, iňlis dillerindäki goşgularyny aýdyp berdiler. Ata Watanymyzy, bagtyýar çagalygy wasp edýän aýdymlary, tanslary ýerine ýetirdiler, türkmen halk ertekileri we çagalaryň durmuşy bilen baglanşykly gysgajyk sahnalary görkezdiler.
Dabarada çykyş eden ene-atalar çagalaryna bilim, terbiýe berýän terbiýeçilere, mugallymlara minnetdalyk sözlerini aýtdylar. Körpe nesillerimiz üçin alada edip, ähli amatlyklary bolan täze çagalar baglaryny yzygiderli gurup ulanmaga berýän, çagalaryň bilim almaklary, sagdyn ösmekleri üçin ýadawsyz aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsun aýtdylar.
Güljemile AŞYROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.