Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrap Geňeşi, etrap çagalar sungat mekdebi bilen bilelikde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli etrabyň çagalar sungat mekdebine gatnaýan okuwçylaryň arasynda «Şirwan perdeden galsana bagşy» atly aýdym-sazly, sowal-jogaply bäsleşik geçirdi. Etrabyň medeniýet öýünde geçirilen bu bäsleşige höwesjeň, zehinli okuwçylaryň ýigirmä golaýy gatnaşyp, öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.
Ýaşlaryň çeper edebiýata, nusgawy şahyrlarymyzyň goşgularyny okamaklyga bolan höweslerini artdyrmak, aýdym-saz sungatynda ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek, şygrýetiň saz bilen utgaşanda emele getirýän täsin sungaty çagalaryň aňyna ýetirmek, türkmen halkynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligini çagalaryň çuňňur öwrenmeklerini gazanmak, zehinli, bilimli, watansöýüji ýaşlary kemala getirmek maksady bilen guralan döredijilik bäsleşigi ýatda galyjy pursatlara baý boldy. Gezekli-gezegine sahna çykyp, bäsleşigiň şertleri esasynda çykyş eden okuwçylaryň ýerine ýetirijilik başarnygy ol ýere ýygnananlarda uly täsirleri döretdi. Eminler tarapyndan berlen sowallara jogap bermek, şeýle hem Magtymgulynyň sözlerine döredilen halk aýdymlarynyň birini ýerine ýetirmek boýunça özara bäsleşdiler.
Şatlyk-şowhunda geçen bäsleşigiň emin agzalary çagalaryň sahna başarnygyny, ukybyny, sahnada özüni alyp baryşlaryny hem göz öňüne tutup, ýeňijileri kesgitlediler. Netijede, çagalar sungat mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Jemile Bazarowa, 3-nji synp okuwçysy Gurbanjemal Meretjanowa, 2-nji synp okuwçysy Aýgözel Şamyradowa, 1-nji synp okuwçysy Mahym Baýramowa dagylar ýeňiji bolup, olara TMÝG-niň ýerli Geňeşiniň we etrap bilim bölüminiň Hormat hatlary gowşuryldy.
Italmaz SAPAROW,
Ruhubelent etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň
mugallymy, TMÝG-niň Ruhubelent etrap
Geňeşiniň işjeň agzasy.