HOŞ GAL EZIZ BAKJAM, SALAM AK MEKDEBIM!

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi, «Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak» ýylyny dabaralandyrmak Çagalary goramagyň Halkara güni hem-de çagalar bagy bilen hoşlaşyk dabarasyny şatlykly, ýatda galyjy pursatlary mynasybetli,«Bagtyýarlyk» toý mekanynda «Hoş gal eziz bakjam, salam eziz mekdebim» atly baýramçylyk dabarasyny geçirdi.

Dabarada körpeler doganlyk halklarynyň eşikleriniň modasyny görkezip dabara şatlyk-şowhun paýlady. Şeýle hem körpe balalar öz aralarynda Watanymyzy wasp edýän çagaly şekillere siňdirilen goşgular bilen diňleýjilerde täsinlikler galdyrdy.

Dabara gatnaşan körpelerimiz çaga ýüreklerinden türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlar aýtdylar. Baýramçylyga gatnaşan körpelere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Şemşat SÄHETGULYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat

Geňeşiniň hasapçy-buhgalteri.

Meňzeş habarlar

30 Maý 2025 | 33 okalan

ÇAGALARYŇ GÜLKISI, ŞATLYGYŇ SESI

30 Maý 2025 | 27 okalan

HOŞ GAL EZIZ BAKJAM, SALAM AK MEKDEBIM!

29 Maý 2025 | 37 okalan

ŞIRWAN PERDEDEN GALSANA BAGŞY!