Bu gün türkmen ýaşlary, şol sanda, mekdep okuwçylary diňe bir okuw derslerine göreldeli ýetişmek bilen çäklenmän, eýsem, halypalarynyň ýolbaşçylygynda alyp barýan netijeli ylmy gözlegleri bilen hem begendirýärler. Şeýle zehinli ýaşlaryň biri hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebinden uçurym bolmaga taýýarlyk görýän Maral Berdimyradowadyr. Zehinli gyz «Lebap welaýatynyň çäklerinde pawlowniýa agajynyň ýetişdirilişi, ekologiýasy we amaly ähmiýeti» atly taslama işi bilen ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda taslamalar we robototehnika boýunça geçirilen bäsleşikde ýeňiji boldy.
Zehinli gyz kislorody bol mukdarda bölüp çykarýan agajy köpçülikleýin ekmegi teklip edýär. Ol ylmy gözleglerini mekdebiň mugallymy Aman Berdimyradowyň ýolbaşçylygynda alyp bardy. Gözlegleriň dowamynda ýerli şertlerde pawlowniýa agajyny ösdürip ýetişdirmegiň usullary we agaç ýetişdirilenden soňra, ondan peýdalanmagyň ýollary öwrenildi.
Geçirilen gözlegler Lebap welaýatynyň toprak we howa şertlerinde bu agajyň bir görnüşini ösdürip-ýetişdirmegiň mümkindigi öwrenildi.
— Taslama işimizi ekologiýa, adam ýaşaýyşyna, ýurdumyzyň howa şetlerine peýdaly, bol kislorodly pawlowniýa agajyny ösdürip ýetişdirmeklige bagyşladyk. Ýurdumyzyň Gündogar sebitinde bu agajy ýetişdirmeklige üns berdik we daşary döwletlerden getirilen agajyň ýaşajyk nahallaryň 300 müň düýbüni oturtdyk. Häzirki wagtda nahallaryň boýy 60 ― 70 santimetre ýetdi. Maksadymyz agajy esasy mebel önümçiliginde ulanmakdan ybarat bolup durýar. Çünki agajyň baldaklary göze gelüwli, berkligi, çyg geçirmeýändigi bilen aýratyn tapawutlanýar. Nesip bolsa, geljekde türkmen telekeçilerine agajy köpeldip, ony mebel önümçiliginde ulanmagy teklip edýäris — diýip, ýaş alym gürrüň berýär.
Agajyň ýapraklary maldarçylykda ulanylýar. Gülleri bolsa kosmetiki serişdeleri öndürmekde we farmasewtikada ulanylýar. Bu ýokumly iýmit beýleki iýmitlere garanyňda baha taýdan elýeterli bolýar. Şeýle hem ylmy gözleglerde bu agajy köpçülikleýin ösdürip ýetişdirmegiň ekologiýa peýdasy seljerildi. Netijeli seljermelerden soňra, zehinli mekdep okuwçysy pawlowniýa agajynyň tokaý hojalygynda beýleki agaçlardan tapawutlylykda, kislorody köp mukdarda bölüp çykarýandygyny kesgitledi. Şonuň üçin hem bu agajy iri şäherleriň daş-töwereginde oturtmak teklip edilýär.
Maral AKMYRADOWA,
žurnalist.