Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň gadymyýetden gözbaş alýan ynsanperwerlik, watansöýüjilik ýörelgeleri ýaş nesliň terbiýesinde uly nusga bolup hyzmat edýär. “Iň gowy asylly ýörelgeler Watanyň beýgelmeginiň hatyrasyna amal edilýändir. Watanyň goragy bolsa mukaddesligiň goragydyr”. Alym Arkadagymyzyň “Mertler Watany beýgeldýär” atly kitabyndan alnan bu çuň manyly setirler ösüp gelýän ýaş nesli Watançylyk ruhunda terbiýeläp ýetişdirmekde taglymat esasy bolup durýar.
Türkmen halkynyň mizemez ýörelgeleriniň biri-de milli gahrymanlarynyň hatyrasyny hemişe saklamak bilen baglanyşyklydyr. 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy dünýäniň ençeme halklary bilen birlikde, türkmen halkynyň taryhynda-da ýatdan çykmajak yzlary goýdy, şöhratly sahypalary ýazdy. Elbetde, uruş uruş bolýar. Ol pidasyz bolmaýar. Ýöne türkmen halkyna şeýle çökder düşen başga uruş bolupmydy diýseň, goja taryh dymsa gerek. Parahatçylygyň höküm sürýän döwründe üstünden 80 ýyl geçse-de, gahrymançylyklardan doly şol ýyllar urşa gatnaşan ildeşlerimiziň görkezen edermenlikleri baradaky ýazgylara ser salanyňda, olaryň ýürekleriniň eziz Watana, il-ulsa bolan söýgüden, ýeňşe bolan ynamdan, taryhda öçmejek yz goýup giden pederlerimiziň mukaddes türkmen topragynyň mynasyp ogullary bolmak hyjuwyndan doly bolandygyna göz ýetirmek kyn däl.
Uruşda görkezen gahrymançylygy üçin türkmenistanlylaryň ençemesi SSSR-iň orden-medallary bilen sylaglandy, onlarçasy bolsa Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen belent ada mynasyp boldy, Olardan Gurban Durdynyň, Aga Berdiýewiň, Aýdogdy Tahyrowyň, Gylyçnyýaz Azalowyň, Oraz Annaýewiň, Pena Rejebowyň we beýlekileriň atlary türkmen halkynyň gahrymançylykly taryhyna ebedilik ýazyldy. Olaryň geçen ýoly watansöýüjiligiň, merdi-merdanalygyň beýik nusgasyna öwrüldi.
Ýurduň gahrymanlarynyň hakydasyny hatyralamak köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan çuňňur ynsanperwer ýörelge bolup, türkmen halkynyň ruhy-medeni gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegidir. Hakyda geçmişi we häzirki döwri baglanyşdyryp, ýaş nesle ýagty geljege tarap ynamly öňe gitmäge, halkymyzyň gahrymançylykly ýoluny dowam etdirmäge ýardam berýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahatçylyk döredijilikli, ylalaşdyryjylykly syýasaty bilen pederlerimiziň deňsiz-taýsyz edermenlikleriniň şanyna öçmejek ýadygärlik dikeldýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris.
Döwletmyrat ÝAZYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallym öwrenijisi.