SAGDYN NESIL – SAGDYN JEMGYÝET

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti kemala getirmek, halkymyzyñ abadan ýaşaýyş durmuşyny üpjün etmek esasy wezipeleriň hatarynda durýar.

Şunda ata-babalarymyzyň şöhratly ýollaryny, pähim-paýhasa ýugrulan däp-dessurlaryny, mynasyp dowam etdirýän ýaş nesilleriň ösüp ýetişmegine olaryň ýaramaz endiklerden daşda durmagyna, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegine aýratyn üns berilýär. Hususan-da, temmäkä garşy göreşmek, raýatlaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak we abadançylygyny ýokarlandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak bilen bagly netijeli çäreler durmuşa geçirilýär.

Çünki temmäki önümlerinden azat bolmak ynsan bedeninde sagaldyjy üýtgeşmeleriň başlamagyna sebäp bolýar. Lukmanlaryň bellemegine görä, temmäkisiz geçen ilkinji 20 minutda gan basyşy kadaly ýagdaýa düşýär, ýüregiň işi dikelýär, bedeniň gan üpjünçiligi gowulanýar. önümlerinden azat bolmak ynsan bedeninde sagaldyjy üýtgeşmeleriň başlamagyna sebäp bolýar. Lukmanlaryň bellemegine görä, temmäkisiz geçen ilkinji 20 minutda gan basyşy kadaly ýagdaýa düşýär, ýüregiň işi dikelýär, bedeniň gan üpjünçiligi gowulanýar.

Şunuň bilen baglylykda, ýaşlaryň sagdyn ösmegi şahsyýet hökmünde kemala gelmegi üçin olaryň arasynda zyýanly endikleriň ýaramaz täsirini düşündirmek, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak maksady bilen, wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär.

Halkymyzyň sagdyn, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun. Il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan ähli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

Ogulkeýik ENERMYRADOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba

hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

Meňzeş habarlar