ÝEŇIJILERI SYLAGLAMAK DABARASY GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň “Türkmenistan” teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda ýerleşýän Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň adyny uly buýsanç bilen göterýän Magtymguly Pyragy muzeýiniň mejlisler zalynda «Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly döredijilik bäsleşiginiň hem-de «Owadan ýazuw» atly bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Dabarada halypa şahyrlar ýaşlary gazanan üstünlikleri bilen gutladylar we maslahatlaryny berdiler. Guramaçylar tarapyndan bäsleşigiň ýeňijilerine gymmat bahaly sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy. Täsirli geçen çärede bäsleşigiň ýeňijileri ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlara ähli taraplaýyn görelde mekdebi bolýan, ýaşlara okamaga öwrenmäge döretmäge döredijilikli zähmet çekmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Hoşgeldi ANNAGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar Guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar