Şu ýylyň maý aýynyň 5-9-y aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) gurnamagynda Aşgabatdaky Merkeziniň hyzmatdaşlyk etmeginde Strategiki meýilnamalaşdyryş boýunça ýaş geňeşçileriň sebitleýin maslahaty geçirildi.
Maslahata ýurdumyzdan Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) wekilleri gatnaşdylar.
Bu okuw maslahaty ýörite Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky ýaş Strategiki meýilleşdiriş geňeşçileri üçin döredildi. Çäräniň dowamynda halkara bilermenler ýaş geňeşçileriň orny we guramaçylyk mazmuny, strategiki aragatnaşyk, maslahat beriş, gepleşikleri alyp barmak ýaly mowzuklar boýunça çykyş etdiler.
Bu halkara çärä işjeň gatnaşan ýurdumyzyň ýaş wekilleri şunuň ýaly ýokary halkara derejeli çärelere gatnaşmaga döredilip berilýän giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.
Selbi ATAJANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň
Halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň
baş hünärmeni.