EL, AŇ, KÖŇÜL UTGAŞANDA

Ýakynda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky «Magtymguly Pyragy» muzeýinde 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşi, «Nesil» we «Biznes reklama» gazetleriniň redaksiýalary tarapyndan yglan edilen «Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly döredijilik hem-de «Owadan ýazuw» atly bäsleşikleriň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Dabara gatnaşmak üçin ýurdumyzyň halypa ýazyjy - şahyrlardan, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlardan, şol sanda bäsleşikleriň ýeňijilerinden, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalaryndan we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerinden ybarat bolan topar, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň guramagynda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinden Balkan welaýatyna döredijilik saparyna ugradylar.

Ýolugruna halypa ýazyjy-şahyrlar, şeýle-de ýaşlar edebiýat, döredijilik dünýäsi barada söhbetdeş bolup, özara pikir alyşdylar.

Döredijilik bäsleşigine gatnaşyjylar ir säher bilen Balkan welaýat häkimliginiň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň gurnamagynda «Magtymguly Pyragy» muzeýiniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan dabarada Balkan welaýatynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna we edebi-sazly kompozisiýa tomaşa etdiler. Soňra akyldar şahyryň muzeýiň bu ýerdäki heýkeline gül çemenlerini goýup, söz ussadynyň ruhuna tagzym etdiler. Soňra dabara gatnaşyjy ýaşlar «Magtymguly Pyragy» muzeýine aýlanyp, bu ýerdäki akyldar şahyrymyzyň edebi mirasyna degişli gymmatlyklar, şol sanda ýaş senetkärleriň döreden sungat eserleri bilen ýakyndan tanyşdylar.

Muzeýiň mejlisler zalynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň, «Nesil» we «Biznes reklama» gazetleriniň redaksiýalary bilen bilelikde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyny dabaralandyrmak, umumadamzat gymmatlygy bolan parahatçylyk, ynanyşmak, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgelerini ýaş nesilleriň arasynda giňden wagyz etmek, şeýle hem döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak, olary döredijilik dünýäsiniň ilkinji ädimlerine höweslendirmek maksady bilen yglan edilen döredijilik bäsleşiklerinde ýeňiji bolan ýaşlara Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlary, şeýle hem tapawutlanan döredijilik eserleri üçin höweslendiriji baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Mälim bolşy ýaly, her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynyň hut Magtymguly Pyragynyň önüp-ösen mesgeninde geçirilmeginiň özboluşly manysy bar. Çünki akyldar şahyryň goşgulary ýaş döredijiler üçin gözellik we ylham çeşmesidir, dünýä akyl ýetirmegiň nusgasydyr. Şoňa görä-de, döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynyň barşynda çykyş edenler nusgawy şahyrymyzyň eserlerinden ylham alýan ýaşlary gazanan üstünlikleri bilen gutlap, olara döredijilik äleminde täze ösüşli menzilleri arzuw etdiler.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyplyklary kalplara ylham, joşgun berýär. Zehinli ýaşlarymyz döredijiliginde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen beýik ösüşlere beslenýän berkarar Watanymyzy, eşretli zamanamyzy, bagtyýar ýaşlygy, parahatçylygy, dost-doganlygy çeper sözde wasp edýärler. Döwrüň sesine öz seslerini goşýarlar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredijilik işgärlerimiziň çekýän asylly zähmetine biz uly hormat goýýarys. Olaryň kämil, döwrebap eserleri döretmekleri, mynasyp durmuşda ýaşamaklary we döredijilikli işlemekleri üçin ähli şertleri döredýäris» diýen sözlerinden ugur alyp, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen bu döredijilik bäsleşiklerinde 2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny döredijilikli işleri, zähmet üstünlikleri bilen şöhratlandyrmak bagtyýar ýaşlarymyzyň mukaddes borjudyr. Şunuň bilen baglylykda, döredijilik bäsleşigine hödürlenen eserler zehinli ýaşlaryň täze nesliniň kemala gelýändigini, ýaşlaryň döredijilik başlangyçlarynyň has-da kämilleşýändigini nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.

Ýaşlaryň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyndan soňra, Balkan welaýatyna amala aşyrylan döredijilik saparyna gatnaşan halypa ýazyjy-şahyrlar hem-de ýaş döredijiler Magtymguly etrabynyň Gerkez obasyna baryp gördüler. Bu ýerde etrabyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeklerinde guralan konsert, sergiler, döredijilik duşuşyklary – baý mazmunly çäreleriň ählisi ýaşlara ýatdan çykmajak täsirleri peşgeş berdi, täze-täze eserleri döretmäge ruhlandyrdy. Şeýle-de bu ýerde guralan sergide görkezilen gymmatlyklar, şol sanda ýerli ussat senetkärleriň hem-de heýkeltaraşlaryň ajaýyp eserleri çärä gatnaşanlaryň ünsüni özüne çekdi.

Aýratyn-da, Gerkez obasynda ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän muzeýe guralan gezelenç döredijilik saparyna gatnaşanlarda aýratyn täsir galdyrdy. Bu ýerdäki gymmatlyklar, hususan-da, Magtymguly Pyragynyň dogany Zübeýda Hindistandan sowgat getiren çäýnegi hem-de Meňlä niýetlän ýüzügi hemmelerde uly gyzyklanma döretdi.

Magtymguly etrabynyň Gerkez obasyndaky çäreler tamamlanandan soňra, döredijilik saparyna gatnaşyjylar bu künjegiň taryhy we tebigy gözel ýerlerini synladylar. Tebigatyň şeýle ajaýyp mesgeninde kalby ylhamly ýaşlaryň, şeýle hem döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň ýürek buýsançlary ýazgy edildi.

Döredijilik duşuşygyna gatnaşyjylar zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, ylymly-bilimli, giň gözýetimli, milli gymmatlyklarymyza sarpa goýup, ata Watanymyzyň halkara abraýyny has-da şöhratlandyrýan ýaş nesilleri terbiýelemek hem-de döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli geçirmek babatda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar