Ýakynda, Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň 14-nji orta mekdebinde Türkmenistan Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Darganata etrap Geňeşi, Darganata etrap bilim bölümi, bilen bilelikde guramagynda 14-nji orta mekdep okuwçylaryň gatnaşmaklarynda “Magtymguly öwüt aýdar” ady bilen wagyz- nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň ençemesi terbiýe mekdebi hökmünde atalar sözlerine öwrülip, halk döredijilik eserlerine siňip gidipdir. Şahyryň döredijiliginde Watana, tebigata bolan söýgi, agzybirlik, myhmansöýerlik, dost-doganlyk, beren sözüňde tapylmak, saglygyň gadyr-gymmaty, edep-terbiýe, öwüt-ündew berýän goşgulary ösüp gelýän ýaş nesilleri terbiýe mekdebidir. Magtymgulynyň döredijiliginiň agramly bölegi nesillerden-nesillere ýetirilmek bilen gülläp ösmeginde, ýaş nesillerimiziň milli ruhda terbiýelenmeginde özboluşly ýol görkeziji bolup çykyş edýär. Ýaşlaryň bilim ylym hem-de hünär öwrenmekde ýaş nesilleri terbiýelemek örän uly ähmiýete eýe bolup durýar diýip çykyş edenler belläp geçdiler.
Firuza BAGTYÝAROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar Guramasynyň Lebap welaýatynyň
Darganata etrap Geňeşiniň başlygynyň w.w.ýe.ýe.