KITAP BILEN AÇALYŇ BIZ DÜNÝÄNI

Ýaňy-ýakynda Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Merkezi kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşiniň guramagynda, etrabyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda ýaşlarda kitaba bolan söýgini güýçlendirmek maksady bilen «Kitap bilen açalyň biz dünýäni» atly wagyz- nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň atalyk kitaplary, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň hem-de beýleki ýazyjy şahyrlaryň kitaplary okaldy.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzda döwrebap bilim almaga, halal zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Melike ROZYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Dänew etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

29 Maý 2025 | 37 okalan

PARAHATLYK AÝDYMY – ASUDALYK MUKAMY

29 Maý 2025 | 49 okalan

ÇAGA – DURMUŞYŇ GÜLI

28 Maý 2025 | 62 okalan

MAŞGALAM – BAŞ GALAM