Golaýda Lebap welaýat Ýörite Sungat mekdebiniň mejlisler zalynda Lebap welaýatynyň jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň, welaýat polisiýa bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň, Lebap welaýat Ýörite Sungat mekdebiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» diýlip atlandyrylmagy hem-de ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek maksady bilen “Sagdyn nesilleriň goragynda ” atly temada wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy Aýjemal Gurbanowa,Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň sanly ulgamynyň esasy hünärmeni Leýla Amanowa, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşygynyň Lebap welaýat birleşiginiň pudagara utgaşdyryjysy Güljan Durdyýewa dagylar gatnaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesillere giň mümkinçilikleri döredip berýändigi üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, il bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Leýla AMANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat
Geňeşiniň umumy bölüminiň sanly
ulgam boýunça esasy hünärmeni.