SÖZI PAÝHAS BEZÄR, SAZY – SUNGAT

Ýaňy ýakynda Lebap welaýatynyň Dänew etrap Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşi, Dänew etrabynyň bilim bölümi bilen bilelikde guramagynda etrabyň umumybilim berýän orta mekdepleriň 10-12-nji synplarynda okaýan okuwçy oglan-gyzlarynyň arasynda «Sözi paýhas bezär, sazy-sungat» atly bäsleşik geçirildi.

Oňa bäsleşigiň mekdep tapgyrynda ýeňiji bolan oglan-gyzlar gatnaşdylar.

Bäsleşigiň dowamynda zehinli ýaşlarymyz Watanymyzyň Garaşsyzlygyny, Bitaraplygyny, rowaçlygyny, asudalygyny, bagtyýar we parahat zamanamyzy wasp edip aýdymlary ýerine ýetirdiler. Bäsleşigiň netijesine görä:

I orna Dänew etrabynyň 18-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Baýramowa Bahar.

II orna Dänew etrabyň 30-njy orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Wepa Nurýagdyýew.

III orna Dänew etrabyň 18-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Rozymuradow Atamyrat dagylar mynasyp boldular.

Bäsleşigiň ahyrynda ýeňiji bolan ýaş zehinli okuwçy oglan-gyzlarymyza Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Maýa BEŞIMOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Dänew etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

29 Maý 2025 | 37 okalan

PARAHATLYK AÝDYMY – ASUDALYK MUKAMY

29 Maý 2025 | 49 okalan

ÇAGA – DURMUŞYŇ GÜLI

28 Maý 2025 | 62 okalan

MAŞGALAM – BAŞ GALAM