Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrap Geňeşiniň, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde guramagynda etrapdaky 31-nji orta mekdepde ýokary synp mekdep okuwçylarynyň arasynda ýaşlary maşgala durmuşyna taýýarlamak, olarda maşgala mukaddesligine bolan söýgi döretmek we milli ýol-ýörelgeleri wagyz etmek, şeýle-de ýetip gelýän «Soňky jaň» dabarasyny guramaçylykly geçirmegi we tertip-düzgüni pugta berjaý etmegi gazanmak maksady bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar hakda edilýän aladalar, olaryň watansöýüji, arassa ahlakly, ilhalar adamlar bolup ýetişmegini gazanmak, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek ugrunda amala aşyrylýan işler dogrusynda aýratyn durlup geçildi. Ýaramaz endiklerden we hereketlerden, ýüze çykýan nogsanlyklardan daşda durmak bilen bagly aýdylýan gymmatly öwüt-ündewler ýaşlarda uly täsirleri döretdi.
Duşuşykda çykyş edenler ýurdumyzda ýaşlar we olaryň bagtyýarlygy hakda edilýän bimöçber aladalar üçin hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyşly sözlerini aýtdylar.
Ybraýym ANNAMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Bäherden etrap Geňeşiniň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.