Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Sarahs etrap Geňeşiniň guramagynda etrabyň Medeniýet öýünde jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň we etrap hassahanasynyň işgärleriniň gatnaşmagynda «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde ýurdumyzda ýaş nesilleriň bagtyýarlygy ugrunda edilýän taýsyz tagallalar dogrusynda gürrüň edildi. Çykyş edenler Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi her bir çaganyň üns-alada bilen gurşalýandygynyň subutnamasy bolup durýandygyny, ösüp gelýän nesilleri, howandarlyga mätäç çagalary durmuş taýdan goldamakda, olaryň saglygyny dikeltmäge ýardam bermekde, bagtyýar ýaşamaklary üçin amatly şertleri döretmekde we olarda ýokary ynsanperwer häsiýetleri kemala getirmekde gazna tarapyndan alyp barylýan işleriň ähmiýetiniň uludygyny bellediler.
Söhbetdeşlige gatnaşanlar hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesillerimiz üçin eşretli we bagtyýar durmuşda ýaşandyklary üçin ýürekden çykýan alkyşlaryny aýtdylar.
Laçyn BAZAROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Sarahs etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.