TÜRKMEN HALYSY — NEPISLIK NUSGASY

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda toýlar goşa-goşadan gelýär. Sanlyja günden ýurdumyzda Türkmen halysynyň baýramy hem giňden bellenip geçiler. Bu sene mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň çäginde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşi tarapyndan halypa halyçylar bilen duşuşyklar guralýar. Etrabyň Köpetdagyň Ýalkymy obasynyň ýaşaýjysy, ussat halyçy Ogulgözel Myradowanyň döwletli ojagynda «Türkmen halysy — öçmejek sungat» ady bilen geçirilen baýramçylyk duşuşygy hem şeýle çäreleriň biri boldy.

Mährem ene nepisden owadan haly we haly önümlerini giňden sergiledi hem-de olar hakda täsirli gürrüň berdi. Onuň gürrüň berşi ýaly, türkmen sungatynyň gaýtalanmajak nepis nusgasy hökmünde bütin dünýäde ykrar edilen türkmen halysy halkymyzyň buýsanjydyr, guwanjydyr. Asyrlardan-asyrlara öz tebigy durkuny saklap gelen, her çitimine, öýdümine ene-mamalarymyzyň ene topraga bolan söýgüsi, ojagyna bolan yhlasy siňen bu inçe senet, halkyçylyk sungaty bu gün gelin-gyzlarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär.

Halyçy enäniň haly dokamagyň inçe syrlary baradaky gürrüňleri hem täsirli boldy. Baýramçylyk duşuşygynyň dowamynda etrap medeniýet bölüminiň dutarçy bagşylarynyň türkmen halysyny wasp edip ýerine ýetiren şirin owazly aýdym-sazlary ýürekleri heýjana getirdi. Türkmen halysynyň baýramyna bagyşlanan duşuşykda halyçy enä baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.

Duşuşyga gatnaşanlar milli mirasymyza uly sarpa goýýan, halyçylyk sungatynyň ösüşine aýratyn üns gönükdirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna çäksiz alkyşlaryny aýtdylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleri has-da rowaç alsyn diýip çykyş etdiler!

Ogultäç GURTGELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Gökdepe etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar