Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşi tarapyndan Gökdepe etrabynyň Babarap obasyndaky ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynda «Sport – sagdynlyga binýat» ady bilen «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi.
Arkadag şäheriniň «Arkadag» futbol toparynyň Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynda gazanan taryhy üstünligine bagyşlanan söhbetdeşlikde ýurdumyzda sporty ösdürmek, raýatlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýermegini, bedenterbiýe we sport bilen köpçülikleýin meşgullanmagyny gazanmak ugrundaky tagallalar barada gürrüň edildi.
Çykyş edenler şanly ýylymyzda türkmen türgenleriniň halkara derejedäki sport ýaryşlarynda gazanýan ajaýyp üstünlikleri dogrusynda durup geçmek bilen, «Arkadag» futbol toparynyň Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň Kubogyna mynasyp bolmagy türkmen sportunyň şan-şöhratynyň dünýäde belende göterilýändiginiň alamatydygyny bellediler.
Söhbetdeşlige gatnaşanlar ýurdumyzda dürli ugurlarda, şol sanda sportda gazanylýan ähli üstünlikleriň gözbaşynda duran, dünýäde parahatçylygyň berkidilmegi, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň rowaçlanmagy üçin döwletli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Annadurdy WALLAKOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat
Geňeşiniň baş hünärmeni.