Golaýda Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Dostluk şäher häkimliginiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap Geňeşi, Köýtendag etrap häkimligi, TDP-nyň etrap komiteti bilen bilelikde guramagynda il sylagly ýaşulular, mährem eneler, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda «Milli Lideriň döwlet syýasaty-ýaşlaryň durmuş goraglylygy» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler watansöýüji, ukyp-başarnykly, beden taýdan sagdyn hem-de terbiýeli ýaş nesilleri kemala getirmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan anyk kesgitlenen Türkmenistanyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ata Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende göterýän, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda irginsiz zähmet çekýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Gülzar BEKMURADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Köýtendag etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň baş hünärmeni.