Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwletleriň hem-de halklaryň arasynda özara düşünişmegi, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýar. Ýurdumyzyň Bitaraplyk ýörelgesi parahatçylygy kepillendirýän uly güýçdir. Bitaraplyk syýasatyndan gelip çykýan ýörelgeler dünýä ýüzünde parahatçylygy, halklaryň dostlugyny we agzybirligini öňe sürýär. Parahatçylygyň we ynanyşmagyň adamzadyň abadan geljegini üpjün etmek üçin biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly iň gymmatly düşünjeler bolmak bilen, döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygyň hem-de ösüşiň baş ýörelgesine öwürýär.
Ata Watanymyz Bitaraplyk syýasatyna ygrarlydygyny subut edip, dünýäde parahatçylygy we dostlugy dabaralandyrmaga işjeň goşant goşýar. 2007-nji ýylda Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy halkara hyzmatdaşlygyň taryhynda möhüm waka bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde öňe sürýän başlangyçlary, teklipleri möhüm meseleler babatda halkara derejelerinde alnyp barylýan gepleşikleriň yzygiderli ilerlemegine badalga berýär. Şeýle hem dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylyp, hyzmatdaşlyklaryň has-da ösdürilmegine mümkinçilik döredýär.
Türkmenistan döwletimiz Bitaraplyk ýörelgesine ygrarly bolup, halkara gatnaşyklarynyň parahatçylykly ýol bilen ösdürilmegine, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine uly goşant goşýar. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýylyň her bir gününi möhüm wakalara we üstünliklere besleýän agzybir, zähmetsöýer halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna zähmet üstünlikleri bilen barýar.
Selbi TÄJIMYRADOWA,
Görogly etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen
65-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy,
TMÝG-niň işjeň agzasy.