SANLY ULGAMYŇ MÜMKINÇILIKLERI

Ösüşleriň ak ýoluny nazarlap, bedew bady bilen ynamly öňe barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy bilen döwletimiziň ykdysady ösüşini hil taýdan täze derejä çykarmak, düzümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ähli ugurlara sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagynyň hasabyna durmuşymyzda zerur bolan hyzmatlaryň islendigini hiç ýere barmazdan, nobata durmazdan, oturan ýeriňde ýa-da gezip ýören çagyňda bitirmek mümkinçilikleri giňelýär. Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy esasynda durmuşymyza sanly özgertmeler yzygiderli ornaşdyrylýar.

Häzirki wagtda bilim edaralaryna maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary giňden ornaşdyrylýar. Bu tehnologiýalaryň ulgamynyň işjeňleşdirilmegi bilimiň hilini ýokarlandyrmaga we berilýän bilimleri yzygiderli berkitmäge ýardam edýär.

Bilim edaralarynda elektron bilimi ýola goýmak we uzak aralykdan bilim tehnologiýalaryny peýdalanmak ösüşiň täze basgançagyna çykylmagyny üpjün edýär.

Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak ylym-bilimden gory ýetik hünärmenlere baglydyr. Şol jähtden, ýurdymyzyň bilim edaralarynda zähmet çekýän işgärleriň, okuwçy we talyp ýaşlaryň elektron kitaphanalaryň kömegi bilen okuw kitaplary we gollanmalary, derslere degişli edebiýatlary gönüden-göni hiç ýere barmazdan okamaga mümkinçilik tapylar.

Sanly ulgamyň eçilýän hözirinden lezzet alyp, täze üstünlikleriň gözleginde bolýan bilim işgärleriniň dünýäniň iň soňky gazananlary bilen aýakdaş gitmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys!

Şahnoza GAPPAROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar Guramasynyň Lebap welaýatynyň

Köýtendag etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň Sanly ulgam boýunça

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

28 Maý 2025 | 0 okalan

SAGDYN ÝÖRELGE — SAGDYN DURMUŞ

26 Maý 2025 | 77 okalan

PARAHATÇYLYGYŇ WASPY

26 Maý 2025 | 68 okalan

HALYÇYLYK SUNGATY MILLI MIRASYMYZ