HALYÇYLYK SUNGATY MILLI MIRASYMYZ

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda milletiň gadymy ruhy we maddy medeniýetiniň däplerini gaýtadan dikeltmäge berýän aýratyn ünsi netijesinde ýurdumyzda halyçylyk sungaty täze ösüşlere, täze mazmuna, ruhy galkynyşa eýe boldy.

Her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen halysynyň baýramynyň ýurdumyzda giňden bellenip geçilmegi, halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi halkymyzyň bu sungatynyň şan-şöhratynyň artýandygyna şaýatlyk edýär. Halk arasynda «Halysy köp öýüň – berekedi köp» diýen pähim bar. Bu bolsa, türkmen halysynyň diňe bir gözellik nusgasy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, bolçulygy, agzybirligi, edep-terbiýeliligi hem aňladýandygyny görkezýär.

Häzirki wagtda türkmen halyçylyk sungaty özüniň owadanlygy bilen yzygiderli kämilleşdirilip, dünýäni haýrana goýýan milli mirasymyzy ylmy taýdan öwrenmegiň ähmiýeti uludyr.

2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” 25-nji maýynda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisiniň “Halyçylyk sungaty milli mirasymyz” atly halkara ylmy maslahatynyň bölümçesi Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mejlisler zalynda geçirildi. Halkara ylmy maslahatynda daşary ýurtly wekilleriň, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň ylmy çykyşlary ýerine ýetirildi. Ylmy çykyşlarda tebigy boýaglaryň aýratynlygy, türkmen haly nagyşlarynda matematiki ýörelgeleriniň dürli formulalaryny hasaplaýjy tehnikany ulanmazdan, olar birkemsiz simmetriýada, depginde we deňlikde alnyp barylmagynda täsin sungat eseriniň döredilendigi barada bellenilip geçildi. Şeýle-de, iki ýüzli halylaryň çeperçilik aýratynlygy, haly suratkeşleriniň birnäçe naýbaşy eserleriniň we şekilli halylary döretmek üçin täze çeperçilik serişdeleriniň, innowasion tehnologiýalaryň peýdalanylmagy bilen bagly gyzykly çykyşlar beýan edildi. Ylmy maslahatyň dowamynda halyçylyk sungatynyň wajyp meselelerine üns berlip, ýurdumyzyň muzeýlerindäki milli halylaryň dünýä derejesinde öwrenilmegi, halyşynaslarymyzyň döreden ajaýyp sungat eserlerine ýokary baha berlip, döredijilikli pikir alşyldy.

Bilbil ÇARYÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik

akademiýasynyň Ylym bölüminiň başlygy.

Meňzeş habarlar

28 Maý 2025 | 0 okalan

SAGDYN ÝÖRELGE — SAGDYN DURMUŞ

26 Maý 2025 | 77 okalan

PARAHATÇYLYGYŇ WASPY

26 Maý 2025 | 68 okalan

HALYÇYLYK SUNGATY MILLI MIRASYMYZ