Älemi haýrana goýýan özgerişleriň, bedew batly ösüşleriň şöhratly zamanynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän döwrebap başlangyçlary esasynda gazanylýan ýokary netijeler ýurdumyzyň täze taryhynyň altyn sahypalaryny zer setirleri bilen bezeýär.
Ýurdumyzyň ähli sungat adamlary eserlerinde parahatçylygyň, bagtyýarlygyň mekany hökmünde at-owazasy äleme dolan ýurdumyzyň waspyny ýetirýärler. Şu gün ýurdumyzyň Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda ýokary okuw jaýymyzyň mugallymy suratkeş Kerim Berdiýewiň “Parahatçylyk bagtyýarlygyň çeşmesi” atly sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Sergide Kerim Berdiýewiň “Durdy Baýramowyň portreti” (2018), “Köýtendagynyň gözelligi” (2024), “Ýanbaş” (2024), “Hyýal” (2024), “Şapak” (2024) “Portret” (2025) ýaly eserleri özboluşly çeperçiligi bilen tapawutlanýar. Sergide ýaýbaňlandyrylan döredijilik eserleriniň mowzugy giň göwrümli bolup, olarda eziz Watanymyzyň gözel tebigaty, şöhratly taryhymyz, parahat ýurdumyz, gündelik durmuşymyz we portret eserleri çeper suratlandyrylýar. Suratkeşiň döreden sungat eserleriniň ählisinde türkmen tebigatynyň bahar paslyndaky ajaýyplygy içgin açylyp görkezilýär. Türkmeniň kalby deýin sada tebigat, gözel sähralar, ýagyşdan soňky jülgeleriň gözel görnüşi kendiriň ýüzüne ýagly reňkler bilen ussatlyk bilen geçirilipdir.
Bizi Berkarar döwletde ýaşadýan, ajaýyp binalarda işlemeklige giň mümkinçilikler döredip berýän, milli mirasymyzy gorap saklamakda, öwrenmekde we ony dünýä düzünde wagyz etmekde uly işler alyp barýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Jennet KAKABAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
sungaty öwreniş kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby.