SAGDYN ÝÖRELGE — SAGDYN DURMUŞ

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe adam saglygyny goramak ýurdumyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar. Bu ugurda toplumlaýyn çäreler amala aşyrylyp, olaryň biri-de temmäki önümlerine garşy göreş çäresidir.

Mälim bolşy ýaly, temmäki tüssesi öýkene, dem alyş ýollaryna ýaramaz täsir edip, ýürege, gan-damar ulgamyna zeper ýetirýär. Temmäki önümleri demgysma keseline, täze döremelere getirip biler. Temmäkiniň düzüminde nikotin, uglerodyň okisi, sinil kislotasy, uglekisliý gaz, organiki kislotalar bolmak bilen, olar çilim çekýänleriň saglygy üçin örän howply. Bilermenleriň nikotine nerw zäheri diýmekleri hem ýöne ýerden däl.

Her ýylyň 31-nji maýynda Bütindünýä çilimkeşlige garşy göreş güni hökmünde bellenilip geçilýär. Munuň özi, dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni temmäkiniň ölüm howply netijelerine we temmäkini ulanmagy azaltmak boýunça netijeli syýasaty alyp barmaga çekmek maksady bilen, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy we onuň hyzmatdaşlary tarapyndan 1988-nji ýylda döredildi.

Häzirki wagtda ýurdumyzda temmäki önümlerine garşy göreş çäreleri yzygiderli alnyp barylýar. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we halkara guramalar bilen bilelikde Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy esasynda alnyp barylýan işler hem oňyn netijelere beslenýär.

Halkymyzyň sagdyn, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda uly tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Aradagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun. Il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan ähli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Annagözel NURYÝEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba

hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.

Meňzeş habarlar

29 Maý 2025 | 2 okalan

BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI

29 Maý 2025 | 4 okalan

«BEDENI BERKIDIP, RUHY GALKYNDYR»