«BEDENI BERKIDIP, RUHY GALKYNDYR»

«Bütindünýä welosiped güni» Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2018-nji ýylyň aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisinde esaslandyryldy. Onuň Kararnamasynyň awtordaşlary hökmünde 56 döwlet çykyş etdi. Bu Resminama iri gurama agza 198 döwletiň ählisi tarapyndan gyzgyn garşylandy.

Munuň özi Milli Liderimiziň teklipleriniň BMG tarapyndan uly goldawa eýe bolýandygynyň we ýurdumyzda sporty ösdürmek, olimpiýa hem-de bedenterbiýe-sagaldyş hereketini wagyz etmek, ekologiýa medeniýetini pugtalandyrmak ugrunda gazanylýan üstünlikleriň ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Bütindünýä welosiped güni parahatçylygyň we dostlugyň ilçisi hasaplanylýan sportuň örän giň mümkinçiliklerini öz içine alýan halkara baýramçylykdyr. Halkyň saglygy hakyndaky alada we adamlaryň bagtyýar durmuşy üçin ähli şertleriň döredilmegi hormatly Prezidentimiziň ýöredýän syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Amala aşyrylýan özgertmeleriň, durmuşa geçirilýän milli maksatnamalaryň we ägirt uly taslamalaryň özeninde döwletimiziň, jemgyýetimiziň baş gymmatlygy hasaplanylýan adamyň saglygy durýandygy bagtyýar raýatlaryň ählisine mälimdir.

Sport we sagdyn durmuş ýörelgeleri ynsana öz mümkinçiliklerini doly açmaga ýardam berýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz nusgalyk görelde görkezip, watandaşlarymyzy, aýratyn-da, ýaşlary hemişe bu ugra ruhlandyrýar.

Goý, dünýäniň sport äleminde gülläp ösýän ýurt hökmünde eziz Watanymyzyň abraýy has-da belende göterilsin! Bizi asuda, parahat durmuşda ýaşadýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaç bolsun!

Derýa MAGSADOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar