Ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Bütindünýä welosiped güni dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini özünde jemleýän halkara baýram hökmünde dünýä halklaryny sporta, sagdyn durmuş ýörelgesine çagyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň esaslandyran kämil hem bitewi strategik döwlet syýasaty esasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny “Bütindünýä welosiped güni” diýip yglan etmek hakyndaky taryhy Kararnamanyň, şeýle hem, 2022-nji ýylyň 15-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi tutuş halkymyzy, ilkinji nobatda ýaş nesillerimizi çuňňur buýsanja besledi. Berkarar döwletimiziň durmuş-ykdysady kuwwaty, medeni ösüşi halkymyzyň abadançylygy, nesillerimiziň ruhy hem-de beden taýdan sagdynlygynyň ösüşi bilen baglanyşyklydyr.
Sagdyn durmuş ýörelgesiniň täze many-mazmunyny dabaralandyrmakda hormatly Prezidentimiziň özi ýaşlarymyza nusgalyk görelde görkezýär. Müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli däplerimize belent sarpa goýup, agzybir halkymyzyň bedenterbiýe we sport bilen köpçülikleýin meşgullanmaklygy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýär. Sagdynlygy berkidýän, ahlak tämizligini, ruhy kämilligi baýlaşdyrýan köpçülikleýin welosiped ýörişine çykmak ak şäherimiz Aşgabatda, zeminiň göwheri Arkadag şäherinde hem-de welaýat merkezlerinde, şäherlerimizdir şäherçelerimizde asylly däbe öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ähli sebitlerinde, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän sport toplumlary, stadionlar, sport mekdepleri, atçylyk sport toplumlary, paýtagtymyzda Olimpiýa şäherçesi bina edildi.
Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli hem-de döredijilikli başlangyçlaryndan gözbaş alýan Bütindünýä welosiped gününiň şanyna geçirilýän baý mazmunly buýsançly çäreler Türkmenistan Watanymyzy sagdynlygyň, sportuň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde dünýä ýüzinde dabaralandyrýar. Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşýän Türkmenistanyň baý taryhyny we täze taryhy döwürde ýeten derejesini özünde jemleýän, Gahryman Arkadagymyzyň döredijilikli teklibi bilen merjen paýtagtymyzyň iň gözel künjeginde gurlan “Welosiped binasy” paýtagtymyzyň owadan görküne görk goşýar.
Garaşsyz ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek, bedenterbiýäni we sporty halkymyzyň durmuşyna giňden ornaşdyrmak boýunça beýik işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, mertebeleriniň belent bolmagyny, beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Manzura BERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat
Geňeşiniň kätibi.