1-NJI IÝUNY ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI

Adamzadyň jemgyýet içinde oňlanan iň gowy gylyk-häsiýetlerini özlerinde jemleýän ýaş nesilleri ösdürip ýetişmek üçin ýurdumyzda ägirt uly işler kanuny esasda alnyp barylýar. Munuň aýdyň mysaly hökmünde ýurdymyzda enäniň we çaganyň saglygyny goramak maksatly gurulan we dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen üpjün edilen hassahanalarynda çaga on sekiz ýaşyna ýetýänçä döwlet tarapyndan mugt gözegçilik edilýär.

Durmuşymyzy şatlyk bilen gaplap alýan balalar üçin Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ýörite 20-nji noýabry “Bütindünýä çagalar güni” diýlip bellenildi. 1954-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan dünýädäki çagalaryň abadançylygy, olaryň sagdyn, bilimli, hiç zada mätäç bolman önüp-ösmeklerini üpjün etmäge aýratyn üns çekilýär.

Bütindünýä çagalar güni ählumumy dabaralarynyň halkara agzybirligini we hyzmatdaşlygyny berkitmäge hyzmat etjekdigi hem göz öňünde tutuldy. Şeýle hem 20-nji noýabry «Çagalar Hukuklary Jarnamasynyň» we 1989-nji ýylda «Çaganyň Hukuklary Konwensiýasynyň» kabul edilen güni hökmünde taryha girdi.

«Bal süýji, baldan-da bala süýji» diýen nakyla eýerilse hakykatdan hem çaganyň baldan süýji, eýjejik, naşyjadygyna göz ýetirýärsiň. Özüniň täsinje hereketleri bilen töwerek-daşyndaky adamlary güýmemegi, jykyrdap gülüşi, tämiz oýunlary bilen güldürmegi başarýar. Çagajyklaryň arasynda dürli oýunlar oýnap wagtyň nädip suw kimin akyp geçenini hem bilmän galýan wagtlarymyz bolýar. Gaýgy, aladalaryň bolsada çagalaryň ýanyna baranyňda olar seni öz dünýälerine alýarlar we ähli ünjileriňi bir pursatlygam bolsa unutdyrýarlar. Uly ýaşly adamlara “Iň hezil döwriň?” diýip soranyňda olaryň hemmesi bir agyzdan “Elbetde çagalyk döwrüm” diýip jogap berýärler.

Çagalaryň ähli hukuklary we azatlyklary bolsa, 1959-njy ýylda BMG Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Çaga Hukuklary Jarnamasynda öz beýanyny tapýar. Jarnama jemgyýetiniň gelip çykyşyna, milletine, emläk ýagdaýyna, derisiniň reňkine garamazdan, ähli babatda çagalaryň deň hukuklaryny yglan edýär. Bütin dünýäde çagalaryň durmuşyna gönükdirilen dürli çäreleri amala aşyrýan haýyr-sahawat fondlary hereket edýär. Ýalňyz çagalara kömek etmek üçin serişdeleriň ýygnalmagyna bu fond gözegçilik edýär.

Çagalary goramagyň halkara güni biziň ýurdumyzda hem giň geremde bellenilýär. Türkmenistan Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüne buýsanyp ýaşaýan bagtly çagalaryň ülkesi. Biziň ýurdumyzda çagalar üçin uly mümkinçilikler döredilýär, Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaş nesliň ylymly-bilimli, sagdyn bedenli ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda birnäçe işler alyp barýarlar. Goý, eziz ýurdumyzda çagalaryň gülki sesleri belentden-belent ýaňlansyn!

Dünýägözel BAÝMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

Halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar