KEÝ-KOWUSYŇ “KOWUSNAMA” ESERINDE NESIL TERBIÝESI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny berkden guran ýurdunda, Arkadagly Serdarymyzyň göklere uzalyp gidýän dowamat dowam ýolunda bize döretmäge, taryhymyzy, edebi gymmatlyklarymyzy  we mirasymyzy öwrenmäge, wagyz etmäge, olary geljekki nesillere düýp mazmuny bilen ýetirmäge, şol mirasda beýan edilýän ýörelgelerden peýdalanyp, milli ruhly ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmäge uly mümkinçilikler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly: ”Iň gymmatly miras terbiýe, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir”.

Türkmen halkynda nesilleriň mynasyp terbiýeli adam bolup ýetişmekleri üçin öz durmuş tejribesini, hünärini, ylmyny öwretmegi maksat edinip, atadan ogla, halypadan şägirde nesihat etmek däbiniň alyslardan gözbaş alýandygy hemmä mälimdir. Türkmen halky ata-baba dowam edip gelýän ýörelgelerini, pähim-parasata ýugrulan çeper gymmatlyklaryny nesilden-nesle geçirip, şu günlere getiripdir.  Şeýle eserleriň biri hem Keý-Kowusyň “Kowusnama” eseridir. Kitap 44 fazyldan (bölümden) ybarat bolup, ol fazyllaryň her biri durmuşyň köp taraplaryny öz içine alýar. Eserde gozgalýan meseleleriň gerimi giň bolup, onda durmuşyň dürli ugurlary boýunça tälim-terbiýe bermek, edep-ekram öwretmek göz öňünde tutulýar. “Kowusnama” eserinde ýaş nesli ynsan belentligi, halal gazanç, paýhaslylyk, mal toplamak, zähmet çekmek ýaly ahlaklylyk kadalary beýan edilýär. Eserde ýigidiň elinde hünäri bolmasa ol sütüni bolup, kölegesi bolmadyk peýdasyz  mugilan agajyna meňzedilýär.

Keý Kowus öz öwütleriniň içinde terbiýe, nesilleriň abraýy, ýagşy sözli bolmaklary üçin ýaşlykdan alada etmegi ündeýär. Ynsany bezeýän we olaryň abraýyna zeper ýetirýän häsiýetler, endikler barada söz açyp, ynsanlara mylakatly bolmak, ile  nähili bolsaň, özüňe hem şeýle garalýandygyny beýan edýär: “Gam-gussaňa il begenmez ýaly, senem iliň gam-gussasyna begenmegin, adalatly bolsaň, saňa-da adalatly bolarlar. Hoş sözli bolsaň, senem hoş söz eşidersiň. Şor ýere tohum sepmegin, hasyl bermez, emgegiň reýgan bolar, namart kişä ýagşylyk etmek şor ýere tohum sepen ýalydyr. Ýagşylyk eden adamdan ýagşylygyňy gaýgyrmagyn”.

Eserde hiç haçan ýamanlyk etmeli däldigi, onuň ynsan kalbyna salýan yzasy hem-de ýagşylyk eden adamyň ruhy lezzeti hakda şeýle beýan edilýär: “Bir adama ýagşylyk etseň, şol adam näçe hoş bolsa, senem şonça hoş bolarsyň, bir adama ýamanlyk etseň, ol näçe ynjasa, seniň hem kalbyňa şonça yza we ynjy aralaşar. Şonuň üçin sen hiç kime ýamanlyk etmegin. Dogryňdan gelseň, birine zyýan edeniňde, özüňiň hem gyýylýandygyňa, birine ýagşylyk etseň özüniň hem lezzet alýandygyňa göz ýetirmek kyn däldir”.

“Kowusnamada” dana adam bolmak hakynda öwüt bermek bilen bir hatarda pespäl, kiçigöwünli bolmak hem ündelýär. “Alym bolmak aňsat, adam bolmak kyn” diýlişi ýaly Keý Kowus hem alymlyk derejä ýeteniňde hem men-menlik satmaly däldigini wesýet edipdir: “Oglum, her näçe beýik alym bolsaň-da, muny diliňe çolamagyn. Hötdesinden gelip biläýjek işleriňde-de öz pikiriňi mamla etjek bolup hötjetlik etmegin, özlerini hondanbärisi saýýan adamlar hemişe iliň öňünde ryswadyrlar”.

Halk arasynda “Maslahatly biçilen don gysga bolmaz” diýen parasatly nakyl bar. Bu nakylyň düýp mazmuny ýagty geljegiň aladasydyr, çünki halkyň mynasyp geljegini üpjün etmek üçin kämil nesilleriň bolmagy durmuş zerurlygydyr. Adam bolsa öz-özüni ösdürmek, öz-özüni kämilleşdirmek ýollarynyň üsti bilen durmuşa uýgunlaşýar. Keý Kowus hem kämil nesliň kemala gelmegi üçin her bir meseläni köpçülik bilen geňeşip, maslahatly çözülmegini isläpdir. “Il bilen maslahatlaşmagy özüňe egsiklik bilmegin. Dana gojalar bilen hem çyn dostlar bilen hem maslahatlaşyp durgun”.

Asyrlarboýy terbiýäniň iň ýagşysy edep-terbiýe hasap edilýär. Edep-terbiýäniň özeni bolsa görelde bolmakdyr. Şonuň üçin hem çagany başdan görelde görkezmegiň esasynda terbiýelemek iň ygtybarly ýörelgedir. Ýaş nesliň edepliligi, bilimliligi döwlet üçin zerurlykdyr. Häzirki wagtda çagalary terbiýelemekde Keý Kowusyň “Kowusnama” eseri biziň üçin bahasyna ýetip bolmajak gollanma.

Janabaý ŞYHYÝEW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet

uniwersitetiniň mugallymy,

pedagogika ylymlarynyň kandidaty.

Meňzeş habarlar