Türkmenistan — toýly mekan. Bu jümläniň ajaýyp hakykatdygyna Ýer ýüzüniň ähli halklary, eýýäm 30 ýyldan gowrak wagtyň içidir, bütin aýdyňlygy bilen göz ýetirip gelýär. Aslynda, dünýädäki haýsydyr bir ýurtda baýramlar baýramlara, toýlar toýlara ulaşýan bolsa, bu şol döwletde bagtyýarlygyň höküm sürýändiginden, halkyň agzybirdiginden, jemgyýetiň abadandygyndan, şol ýurtda ägirt uly ösüşlere hem üstünliklere eýe bolunýandygyndan nyşandyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň hut şeýle döwletdigini biz bu günki gün elimizi ýüregimiziň üstünde goýup aýdyp bilýäris. Baýramlarymyzyň baýramlara, toýlarymyzyň toýlara ulaşýandygyna bolsa Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk senesiniň şanyna bolup geçýän şatlykly-şowhunly, aýdymly-sazly dabaralaryň mysalynda hem her birimiz buýsanç bilen göz ýetirýäris.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2015-nji ýylda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky» Rezolýusiýany gaýtadan kabul etmegi, 2017-nji ýylda 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmegi Diýarymyzyň Bitarap döwlet hökmündäki halkara abraýynyň barha belende göterilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup dabaralandy.Türkmenistanyň dünýäniň syýasy giňişligindäki şan-şöhratynyň, abraý-mertebesiniň belentdigine döwletimiziň birnäçe gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynyň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanmagynyň, ýurdumyzyň başlangyjy bilen birnäçe Kararnamanyň kabul edilmeginiň özem güwä geçýär. Ol taryhyy wakalar şol bir wagtda Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitarap döwlet hökmünde dünýä bileleşiginiň öňündäki borçlaryny, wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirýändigini, umumadamzat derejesindeparahatçylygyň, abadançylygyň, ynanyşmagyň, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň rowaçlanmagyna ägirt uly goşant goşýandygyny hem bütin aýdyňlygy bilen görkezdi.
Ogulnabat ÇARYÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet
uniwersitetiniň uly mugallymy.