Ýakynda, Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň “Kejebe” toý mekanynda Halaç hem-de Kerki etraplarynyň etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de medeniýet bölümi bilen bilelikde guramagynda türkmen halysynyň baýramy hem-de Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli, aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Ýurdumyzda halyçylyk sungatyna uly üns berilýär. Haly — türkmeniň haly-ahwaly, durmuşy, geçmişi, şu güni, bahar-ýazyň owadan keşbine beslenen ajaýyp ýaýlalary, daglary, urp-adaty, kalp gözelligi. Ol zenanlarymyzyň köňlüniň hem aňynyň iň bir ajaýyp önümi. Türkmen halylarynyň ajaýyp gölleriniň ýurdumyzyň esasy döwlet nyşanlarynyň baş bezegidigini bellemek gerek. Munuň özi halkymyzyň şöhratly pederlerimiziň wesýetlerine wepalylygynyň, ajaýyp däplere we milletiň özboluşly dünýägaraýşyna ygrarlydygynyň beýany bolup durýar. Milli mirasymyz bolan halyçylyk sungatyna özleriniň irginsiz zähmeti bilen uly goşant goşýan halyçy zenanlarymyza bagyşlanan aýdym sazlar hem-de tanslar dabara gatnaşyjylara uly şatlyk paýlady.
Şirinaý ÖWLÝAGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Halaç etrap Geňeşiniň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.