Ýaňy-ýakynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň Bagt köşgi toý mekanynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat we Türkmenabat şäher Geňeşleri bilen bilelikde guramagynda edara–kärhanalarda zähmet çekýän işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda 2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda gatnaşan “Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum” XVI halkara ykdysady forumy hem-de “Russia Halal Expo 2025” sergisini halk köpçüligine ýetirmek maksady bilen «Kazan – Türkmenistan dostlugy, özara hyzmatdaşlygyň täze ugurlary» atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda ona gatnaşanlar 2025-nji ýylynyň 16-njy maýynda Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparynda bolup, «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2025» XVI halkara ykdysady forumyna gatnaşmagy bu ýolda ýene-de bir ynamly ädime öwrüldi, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň taryhyna täze sahypany ýazdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň özara bähbitli ugurlarda tagallalary birleşdirmek, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin açyk meýdança hökmünde ykrar tapan bu halkara foruma, ynha, üçünji gezek gatnaşmagy Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň sebitleri, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletler bilen ykdysady, ylmy-tehniki, medeni-durmuş ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy berkitmäge ygrarlydygy dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler.
Duşuşygyň ahyrynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň durnuklylyk, dostluk, hoşniýetlilik ýaly syýasatyny dünýä ýüzünde dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary dik, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Gülşat ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar Guramasynyň Lebap welaýatynyň
Türkmenabat şäher Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.