Ýaňy-ýakynda Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň “Bagt ýoly” toý mekanynda Dänew etrap häkimliginiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de etrap medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda türkmen halysynyň baýramy mynasybetli “Türkmen halysy – türkmeniň kalby” ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Halkymyzyň ajaýyp milli sungatynyň ykrar edilmeginiň we oňa hormat goýmagyň nyşany hökmünde geçirilýän bu baýram zehinli halyçylaryň zähmetine berilýän ýokary bahadyr. Ussat halyçylar özleriniň yhlasly zähmeti bilen ajaýyp halylary döredýärler. Şunuň bilen baglylykda, bu baýram amaly-haşam sungatynyň milli görnüşleriniň we halkymyzyň medeni-ruhy gymmatlyklarynyň goralyp saklanýandygyny, geljek nesillere ýetirilýändigini alamatlandyrýar.
Türkmen halylarynyň hormatyna şeýle-de halkymyzyň milli mirasy bolan haly sungatyna, irginsiz zähmetleri bilen gaýtalanmajak gözellik döredýän zehinli zenanlaryň şanyna guralan dabaranyň dowamynda ýaňlanan ýakymly aýdymlar we sazlar, tans toparlarynyň çykyşlary milli gymmatlygymyz bolan türkmen halylarynyň hormatynyň belent tutulýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Maýa BEŞIMOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Dänew etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.