Ýakynda Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň 1-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Kerki etrap wekilliginiň guramagynda Kerki etrabynyň 1-nji orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda ýaşlary meýletinçilik işine çekmek, olaryň arasynda türkmen milli häsiýetlerini, şol sanda, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik, hemaýatkärlik ýaly asylly ýörelgeleri açyp görkezmek maksady bilen «Ýaş meýletinçiler» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Kerki etrap wekili Ýakut Ýoldaşowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni Oýdin Aşirowa dagylar çykyş etdiler.
Duşuşykda çykyş edenler ýurdumyzda ruhubelent, edep-terbiýeli, ýokary düşünjeli, watansöýüji ýaş nesli terbiýelemek hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigi dogrusynda gürrüň etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda çärä gatnaşanlar döredilýän mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Arzuw RAHMANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.