Ýaňy-ýakynda Dänew etrabynyň Seýdi şäher kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşiniň hem-de Dänew etrabynyň Seýdi şäher kitaphanasy bilen bilelikde gurnamagynda ýaş okyjylaryň gatnaşmagynda “Kitap bilen açalyň biz dünýäni” ady bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda Türkmenistanyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni Dursunjemal Saryýewa, kitaphana müdiri Maral Durdyýewa çykyş etdiler.
Çykyşlarda kitap adamzat durmuşynyň deňsiz-taýsyz gymmatlygy, gaýtalanmajak oýlap tapmasydyr. Biziň ata-babalarymyz kitaba aýratyn hormat goýupdyrlar. Kitaba bolan hormat diňe bir biziň türkmen halkymyzda bolman, eýsem ol dünýäniň ähli künjeginde ähli halklar tarapyndan aýratyn sarpalanýan gymmatlyklaryň hataryna girendir. Şonuň üçin hem biziň ata-babalarymyz kitaby ýedi hazynanyň biri hasaplapdyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň her bir eseri uly many-mazmuna ýugrulandyr. Ol eserleri okanyňda her bir adam egsilmez ruhy güýje eýe bolýar. Çünki ol dürdäne eserleriň terbiýeçilik ähmiýeti örän ýokarydyr diýip bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň watansöýüji, zähmetsöýer, maksada okgunly, ruhubelent we päk ahlakly, ylymly, bilimli nesiller bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Seýýara ROZYBAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Dänew etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.