Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Sarahs etrap Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň 3-nji çagalar bakja-bagynda terbiýelenýän körpeleriň arasynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli «Kim çalasyn?!» ady bilen sport bäsleşigi geçirildi.
Ýaş nesliň sagdyn ruhly, berk bedenli bolup ýetişmegini gazanmak maksady bilen guralan bäsleşikde körpeler öz başarnyklaryny görkezdiler.
Gyzykly we täsirli geçen bäsleşik güýçli toparlary öňe saýlady. Şeýlelikde “Ruhubelent” topary ýeňiji boldy. Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sarahs etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Batyr NARYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Sarahs etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň müdiri.