ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNÜNE BAGYŞLANDY

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň 21-nji çagalar bakja-bagynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli «Bagtyýar durmuşyň eziz körpeleri» ady bilen aýdym-sazly dabara geçirildi.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şanly günlerinde geçirilen bu dabara etrabyň çagalar baglaryna gatnaýan  körpeler uly ruhubelentlikde gatnaşdylar. Onda körpeje gyzlaryň gözel Watanymyzy wasp edip ýerine ýetiren aýdym-sazly, tans çykyşlary uly täsirleri döretdi. Körpeleriň türkmen, rus, iňlis dillerinde labyzly okan goşgularyny diňlemek hem örän ýakymly boldy.

Dabaranyň çäginde çagalar eziz diýarymyzy, bagtyýar çagalygy aýdyň görkezýän dürli şekiller arkaly surat çekmek boýunça özara bäsleşdiler. Turuwbaşdan şatlyk-şowhuna beslenen dabaranyň ahyrynda körpelere baýramçylyk sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuruldy.

Ogultäç GURTGELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Gökdepe etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar