ÇAGA — DURMUŞYŇ GÜLI

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Çagalaryň bagtyýarlygy Watanymyzyň buýsanjydyr. Biziň amala aşyrýan her bir işimiz, belent tutumlarymyz köňüllerimiziň guwanjy bolan şadyýan çagalarymyzyň bagtly geljegine gönükdirilendir» diýip belleýär hem-de ýaş nesil hakda bimöçber alada edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çagalar hakdaky aladasyny berkarar Watanymyzda amala aşyrylýan taryhy ähmiýetli işlerden aýdyň göz ýetirip bolýar.

Bu gün durmuşymyzyň gül-gunçalary saýylýan çagalar çäksiz üns-alada bilen gurşalýar. Bagtyýar nesliň beden we ruhy taýdan kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi, mynasyp bilim we terbiýe almagy, sport, aýdym-saz, çeper döredijilik bilen meşgullanmagy, zehinlerini we ukyplaryny ösdürmegi ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Eziz Diýarymyzyň çäginde yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýän döwrebap çagalar baglary, mekdepler, çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezleri, döredijilik merkezleri, medeni-dynç alyş seýilgähleri hem bagtyýar nesil barada edilýän aladanyň subutnamasydyr.

Ösüş-özgertmelere beslenen döwrümizde çagalaryň arasynda şadyýan aýdym-saz, döredijilik bäsleşikleriniň yzygiderli geçirilmegi-de buýsandyrýar. Şeýle aýdym-saz bäsleşiklerinde bagtdan paýly çagalaryň mukaddes Garaşsyzlygymyzy, hemişelik Bitaraplygymyzy, Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilik hem-de dostluk ýörelgelerini wasp edýän joşgunly aýdym-sazlary belentden ýaňlanýar.

Sanlyja günden Çagalary goramagyň halkara güni biziň güneşli Diýarymyzda hem giňden baýram ediler. Bu ajaýyp senäni şanyna aýdym-sazly dabaralar, döredijilik sergileridir bäsleşikleri, şadyýan we gyzykly çäreler ýaýbaňlandyrylar. Baýramçylyk çäreleri röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ruhubelent çagalarda ýakymly täsirleri döreder. Ata Watanymyzy bagtly çagalygyň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.

Rejepgeldi ATAJANOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Ak bugdaý etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar