SENDE ASYRLARYŇ ÝITMEZ YZY BAR

KITAP — dünýäde iň gowy zatlary öwrediji. Kitap — ähli gözellikleri paýlaşdyryjy. Ine, elimizdäki hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ikinji eseri hem hut şeýle kitaplardan. Hormatly Prezidentimiziň bu eseri taryhy maglumatlara baý. Garaşsyzlygymyzyň şanly 27 ýyllyk baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde gowşan bu kitap, türkmen halkyna ýapylan özboluşly serpaý boldy.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ikinji kitabyny okap başlanyňdan wakalaryň yzyna düşüp Beýik Ýüpek ýolunyň ýurdumyzyň çäginden geçen ýerlerine syýahata çykýarsyň. Gadymy galalar, joşgunly derýalar, taryhy tapyndylar ýerleşdirilen suratlar bolsa, seni hut şol döwrüň ruhy bilen gurşap alýar. Çünki ýürekden çykan islendik bir sözüň, sazyň ýürege barşy ýaly türkmen taryhynyň hem dünýä taryhynyň gymmatly hazynasyna öwrüljek bu ajaýyp eser ýüreklere ornaýar.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ikinji kitabynda ýaşlary ýagşylyga iterjek, aýdyň we beýik maksatlara ýetirjek, dogry ýoly jaýdar maslahat berýän jümleler örän köp. Ol parasatly sözler durmuş we zähmet ýolumyza şamçyrag bolup ýalkym saçýar. Hormatly Prezidentimiziň ähli eserleri ýaş nesilleri belent ahlak we watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde örän uly ähmiýete eýedir. Şeýle-de ýaşlarymyzda halkymyzyň taryhyna, medeniýetine, däp-dessuryna, beýik şahsyýetlerimize bolan sarpany, söýgini ösdürmekde terbiýeçilik gymmaty egsilmezdir.

Beýik Ýüpek ýoluna degişli ähli gymmatly taryhy hakykatlar bu ajaýyp eserde jemlenendir. «Ýadygärlikler döwürleriň şaýady, wakalaryň gözi-gulagy. Munuň şeýledigine olaryň öz medeni gatlaklarynda apalap saklaýan täsin arheologik tapyndylary aýdyň subutnama» diýip belleýän hormatly Prezidentimiz bu eserinde taryhy tapyndylara aýratyn üns berýär. Çünki taryhy tapyndylar bize geçmişiň gymmatly mirasydyr, öz döwrüniň owazydyr. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz kitapda: «Dünýäni söküp, yklymlary birikdirýän ýollar nowjuwan Türkmenistanyň üstünden geçýär» diýip belleýär. Hawa, şol nowjuwan Türkmenistan bu gün arzyly Beýik Ýüpek ýoluny häzirki zaman görnüşde, gaýtadan dikeltmekde ilkinji başlangyçlary öňe sürdi we özüniň bu ugurda tejribeleriniň ýeterlikdigini dünýä äşgär etdi.

Häzirki wagtda Beýik Hytaý diwarlaryndan gaýdan Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilýän döwründe bu ýoluň ugrunda ýerleşen döwletleriň biziň ýurdumyza, has dogrusy, şol gadymy hem beýik ýoluň ýüregine gelip görmek, täsinlikleri bilen tanyşmak höwesi has-da artýar. Ýurdumyzyň taryhy ýadygärlikleri, Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanan ösüşleri, ýeten belent sepgitleri, bularyň ählisi dünýä jahankeşdeleriniň ünsüni özüne çekýär. Ýaňy-ýakynda geçirilen «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi biziň ýurdumyzyň sportda gazanýan üstünlikleriniň şöhlelenmesi bolmak bilen birlikde oňa gatnaşyjylaryň we sport janköýerleriniň köp sanlysy üçin özboluşly syýahat boldy. Bereketli Garagum sährasynyň gözellikleri, täsinlikleri, türkmen tebigatyna mahsus özboluşly aýratynlyklary myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Şonuň bilen birlikde gadymy kerwen ýollarynyň bu gün Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen gara we polat, howa, deňiz-derýa ýollarynyň dünýäniň ösen talaplaryna laýyk gelýän döwrebap görnüşde dikeldilýändigini ýene bir gezek äleme äşgär etdi. Bu bolsa ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen has irki döwürlerden başlan söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň bu gün bagtyýarlyk döwrümiziň bagt beýany bolup dostlukly, diplomatik gatnaşyklary bilen ösdürilýändiginiň subutnamasydyr.

Günler aýlara, aýlar hem ýyllara sepleşýär. Olaryň hersinde bir taryh ýazylýar. Ine, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda ýazan ajaýyp eserleriniň ikisi hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň taryhyny ýazdy. Çünki bu kitaplarda dünýä ýaň salan gadymy ýoluň gymmatlyklary jikme-jik öz beýanyny tapýar.

Haýsy ýurduň ösen ykdysadyýeti, bazar gatnaşyklary bar bolsa, onda şol ýurduň üstünden kerwen ýollary geçendir diýilýär. Biziň ýurdumyz Beýik Ýüpek ýolunyň kerwen geçen menzilleriniň birleşýän merkezinde, şöhratly ýoluň ýüreginde ýerleşýär.

Kitap — gaýta-gaýta okap, sahypalaryndan her gezek täze-täze manylary alyp biljek iň gowy dostumyz. Ýakynlarymyz üçin iň gowy sowgatdyr. Milli Liderimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ikinji kitaby biziň her birimiz üçin gymmatly gollanmadyr. Goý, halkymyza ajaýyp eserleri sowgat edýän Gahryman Arkadagymyzyň ylhamy joşgunly, paýhas güzeri dury, galamyýiti bolsun!

Soltangeldi BABAÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

“Nesil” gazeti,

02.10.2018ý.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1174 okalan

ENE HÜWDÜSI