WAGT hemişe üznüksiz. Biziň ýüzläp-müňläp diýýän asyrlarymyz onuň üçin, belki, suw içesi salymdyr?! Eýsem-de, ynsanyň ömrüni ömür edýän şol salymlar bilen pursatlar dälmidir?! Ol özüniň ýelden ýyndam ganatlaryna küt-küt taryhlaryň ýazylýanlygyndan bihabar-a däldir-dä hernä?! Ýok-la, onuňam özüniň bisarpa tutulmaýanlygyndan monçalygy biziňkiçe bardyr. Ýogsa ol birwagtky beýik-beýik alymlarynyň başarnyklaryny kitap atly keramatly dünýä sygdyryp, şu günlere ýetirermidi? Geçmişiň syr doly sahypalaryny geljek nesiller üçin aý-aýdyňlyga çykararmydy?! Öwretmese, öwrenermidik?
Bu soraglaryň jogaby kitapda! Asyrlardan, akyllardan ýadygär galan ýakyn maslahatçymyzda! Jümleleriniň dady bilen erkiňi ýüpsüz kökerýän bu beýiklik barada näçe aýtsaň az bolýar. Ynsanyň diňe bir bedenine däl, ruhuna-da sagdynlyk gerek. Bu baýlyga bolsa okamak bilen ýetip bolýar. Bilmek— bir basgançak beýiklik. Barlyga kitabyň gözi bilen seretmekden uly bagt ýok. Çünki kitap ynsanyň ruhy ýaşaýşynyň özenini özünde jemleýän gymmatlyk. Giň dünýägaraýşa eýe bolmagyňa, jemgyýetçilik gatnaşyklaryňa, täze zatlary öwrenmegiňe, şeýle-de akyl-paýhasyň durlanmagyna sebäp bolýan hakykat. Bir ýazyjy: «Adam nähili sözleýän bolsa, şo hili-de pikirlenýändir» diýip belleýär. Dogrudan hem, pikirler akylymyzy kesgitleýän güýje eýe, sözlerimiz bolsa şol güýjüň beýanyna.
Gowy ýazylan eserler uzak ýaşaýar. Şeýle eserleriň tarypyny dilden düşürmeýänligimiziň sebäbi barada oýlanyp gördüňizmi? Belki, ol düşünmeýänlerimizi üýtgeşik hem täsirli dilde düşündirenligi üçin ýadymyzdadyr. Belki-de, bu syr düşünenlerimizden hem artyk, çeper edebiýatyň durmuşy öwredýänligi üçin şeýledir. «Gowy işleýän ýazyjy öz okyjysyny hem biygtyýar terbiýeleýär». Kalbyňa eserleriniň ýakymly duýgulary, gyzykly wakalary bilen girmegi başaran ýazyjynyň kitaplary nirede bolsaňam gözüňe yssy gelýär. Ruhy ýakynlyk duýdurýar. Ynsan durmuşy öwrenip, özüni açýar. Özümizi näçe sahypalaryň üsti bilen açmaga synanyşdykkak? Ýogsa-da öz dünýämizi açarça kitap okadykmykak beri? Öwreneniň az ýaly bolup dur...
Kitaphana — toplanan tejribeleriň merkezi. Hatar-hatar rejelenip goýlan kitaplarda niçembir ömrüň yhlasy bar. Ylym bar, ykbal bar. Bizde bolsa olary okap, öwrenmäge pursat bar, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikler bar.
Şeýle mümkinçilikleriň biri hem Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda geçirilen «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň XII sergi-ýarmarkasy we ylmy maslahatydyr. Bagşynyň hoş owazy bilen gurşalan zalyň içi mähelleden hyň berýär. Uzaboýuna gidýän çägesöw reňkleriň ýüzündäki hatlar, arap-pars dillerindäki gadymy ýazuw-ýadygärliklerimiz turuwbaşdan gelenleriň ünsüni egleýär. Çar tarap eýýämden kitapsöýüjileriň mesgenine öwrülipdir. Adamlaryň ýüzlerine edil mähir çaýylan ýaly. Kitabyň keramatly dünýäsi üýtgeşik-dä! Kim daşary döwletlerden gelen myhmanlar bilen pikir alyşýar, kimsi kitaplar bilen gyzyklanýar. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň nakgaş, heýkel eserleri, halkymyzyň gadymy millilikleri bolan haly, tazydyr elguşy, kümüşden ýasalan şaý-sepleri daşary ýurtly myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi.
Ilkinji tanyşlygymyz Gyrgyz Respublikasynyň döwlet kitap palatasynyň direktory Koýçuman Momunkulow bilen boldy. Ol klassyk şahyrlarymyzyň goşgularyny ürç edip okaýandygyny, aýratyn hem, Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen içgin gyzyklanýandygyny aýtdy. Gözelligiň bar ýerinde ylhamyň joşýandygyna onuň bize Aşgabada gelip ýazan goşgusynyň üsti bilen ýene bir gezek göz ýetirdik.
Beýik milletiň beýik şahsyýetleri bolýar. Olaryň ady dilden-dile geçip, bütin äleme dolýar. Paýhasy bilen yklym baglan ägirtleriň kök uran topragynda ýaşaýandygymyza buýsanmaýanymyz ýok. Munuň şeýledigini Belarus Respublikasynyň «Mastaskaýa literatura» neşirýatynyň direktory, şahyr Ales Badak hem tassyklady:
— «Mastaskaýa literatura» neşirýatymyz 1972-nji ýylda döredildi. Onda «Mekdep kitaphanasy» diýen ugur boýunça kitaplar çap edilýär. Türkmen edebiýaty bilen içgin gyzyklanýaryn, ýazyjylaryňyzyň eserlerini köp okaýaryn. Çagalar ýazyjysy Aleksandr Nikolaýewiç Karlýukewiçden türkmen ýazyjylary, bu ýeriniň tebigaty, aýratyn hem, Garagum çölüniň owadanlygy baradaky ýazan eserlerini, gürrüňlerini eşidip haýran galardym. Türkmen ýazyjylary bilen pikir alşasym, gözel tebigatyňyzy synlasym gelýärdi. Arzuwlarym amala aşyp, bu gözellikleri birnäçe gezek görmek miýesser etdi.
Tagamlaryňyz diýseň lezzetli. Men naharlaryňyzyň syryny tebigatdan önýän önümlerden bişirýänligiňizde görýärin.
Kitap ýollarymyza çelgi, köňüllerimize aýdyňlyk berýän güýçdür.
Iň gyzykly syýahatdyr.
Dowamatymyzdyr.
Aýşat HOJAMUHAMMEDOWA,
“Nesil” gazeti,
04.10.2018ý.