OLAR ÝÜREKLERDE EBEDI ÝAŞAR

DÜNÝÄDE ynsan erkine bagly bolmadyk şeýle bir hadysalar bolýar, şonda arkama-arka geçen beýik danalaryň parasady, yhlasy hem zehini bilen asyrlarboýy döredilen, islendik gara güýjüň öňüni alyp, garşysyna durup biljek kuwwatlyklar, ýetilen derejeler hem onuň öňünde durmakdan ejiz gelýär. 1948-nji ýylyň oktýabr aýynyň 5-inden 6-syna geçilen gijede, onda-da süýji arzuwlara umyt baglap ýatanlaryň parahat ukuda wagty, duýdansyz gopan tebigy bela Aşgabadyň hem-de onuň töweregindäki obalaryň üstünden apat bolup indi.

Watan mukaddesligi diýen düşünje her birimiziň aňymyzda ebedi ýazylan. Topragyň her daban ýerini aýap, apalap saklamak raýatlarymyzyň, ýaşlarymyzyň Watanyň, döwletiň, beýik pederlerimiziň bize galdyran baky mirasynyň öňündäki borjudyr. Her säheri döwletli tutumlar hoş habarlar, şanly toýlardan bolan mähriban Watanyň bagtyýar raýaty bolmak her birimiz üçin belent buýsanç, bahasyz baýlykdyr. Çünki mähriban türkmen halkymyz, bu günki gün Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda abadan durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Nesillerimiz kämil bilim alyp şu günümizi we bagtyýar geljegimizi ylmyň häzirki zaman tehnologiýalary bilen baýlaşdyrýarlar.

70 ýyl mundan ozal hut şu günki güni arzuwlan ýaşuly nesillerimiz bolsa döwrümize, döwletimiziň ösüşlerine, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan işlerine buýsanç bilen alkyş aýdýarlar. Çünki bu gün Watan öz mertlerini, 1948-nji ýylda bolup geçen Aşgabat ýer titremesinde wepat bolanlaryň ählisini hatyralaýar. Ondan bäri eýýäm tegelek ýetmiş ýyl geçse-de bu sene halkyň ýüreginde ýaşaýar. Eýsem sanlyja minutda weýran bolan paýtagtymyz we onuň töweregindäki obalar bu gün tanalmaz derejede özgerdi. Tutuş Aziýanyň merjen şäherine öwürlip, Ginnesiň rekordlar kitabyndan orun aldy. Paýtagtymyzyň iň gözel künjekleriniň biri bolan «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumy bolsa şol pajygaly wakanyň pidasy bolanlaryň ählisiniň hormatyna bina edildi. Bu ýerde halkyň ykbaly bilen bagly ençeme söweşleriň gahrymanlary, türkmeniň mert ogullary, Aşgabadyň ajy ýatlamasy bolan tebigy betbagtçylygyň pidalary hormat bilen ýatlanylýar. Her ýylyň Hatyra gününde goýny ter gül çemenlerine beslenýän bu ýadygärlikler toplumyna ähli halkymyz, ýaşuly hem ýaş neslimiz ruhy tagzym edýärler. Bu bolsa halkymyzyň gahrymançylykly taryhynyň her bir döwrüni ýatlap, hatyralap nesilden-nesle geçirmekde görelde mekdebidir. Şonuň üçin hem her ýylyň Hatyra güni halkymyz öz gahrymanlarynyň, olaryň gaýduwsyzlygynyň öňünde baş egýär. Bu bolsa nesillerimizi milli ruhda terbiýelemegiň esasy ýörelgeleriniň biridir. Biz her Hatyra gününde mertebe münberinde belent buýsanç, ruhy mertlik bilen mugallym, esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewi hem hatyralaýarys. Hormatly Prezidentimiziň atasy Berdimuhamet Annaýew 1941 — 1945-nji ýyllaryň ata Watan, bagtyýar geljek ugrundaky, has dogrusy şol merdana pederlerimiziň mirasy bolan şu günümiz ugrundaky söweşde mertligiň, gaýduwsyzlygyň, edermenligiň baýdagyny ynamly parladan ynsan. 70 ýyl mundan ozal beýleki ençeme mertler, gahrymanlar bilen birlikde ykbal Berdimuhamet Annaýewe hem hakyda heýkeline öwrülip, nesillere görelde mekdebi bolup ýatlanmagyny peşgeş etdi. Hormatly Prezidentimiziň esaslandyran Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe edilen arzuwlaryň ählisi halkyň, Watanyň ykbalynda hasyl boldy. Halkymyz hormatly Prezidentimiziň daşyna berk jebisleşip ata-babalarymyzdan miras galan däplerimize eýerip, ynsanperwer, asylly işleri amala aşyrýar, ýurdumyzyň täze taryhyna täze sahypalar altyn harplar bilen ýazylýar. Muny bolsa ýaşuly nesillerimiz alkyş, ýaşlarymyz üstünlikler bilen şöhratlandyrýarlar. Türkmen halky «Ulusyny sylan baý bolar, ölüsini sylan beg bolar» diýýär. Munuň özi halkymyzda öten-geçenleri hatyralamak däbiniň ata-babalarymyzdan arkama-arka geçip gelýän ajaýyp ýörelgedigini görkezýär.

Hormatly Prezidentimiziň merdana halkymyzyň gurmak, döretmek, bina galdyrmak babatdaky asylly ýörelgelerini täze taryhy döwürde döredijilikli dowam etdirýändigi, şonuň esasynda ýurdumyzy, şeýle-de 1948-nji ýylda nijeme ýyl mundan öň döwrüň hupbatly synaglaryny başdan geçiren paýtagtymyz Aşgabat şäherini täzeden gurandygy, özi hem dünýäde ak mermere beslenen şäher hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girmegini üpjün edendigi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Çünki bu gözellikleriň arhitektory «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen belent ada eýe bolan hormatly Prezidentimizdir.

Bu günki gün Diýarymyzda bellenilýän Hatyra güni nesilleriň dowamatlylygynyň, gadymy türkmen topragynda beýik ata-babalarymyzyň däpleriniň gaýtadan dikeldilmeginiň aýdyň nyşany bolup durýar. Ýurdumyzda halkymyz Aşgabat ýer titremesinde wepat bolanlaryň hatyrasyny her bir künjekde, her ojakda hatyralaýar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan hem Aşgabat ýer titremesiniň 70 ýyllygyna bagyşlanyp ýurdumyzyň ýaş nesilleri bilen ýaşulularyň arasynda duşuşyklary guramak, muzeýlere, ýadygärliklere aýlanmak hem-de wagyz-nesihat çäreleri yzygider geçirilýär. Şeýle çäreleriň başy Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdebindäki «Mugallym, esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň» ýadygärligine, «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmakdan başlandy. Anna güni bolsa Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ýatlama çäresiniň geçirilmegi bilen utgaşdy.

Döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp ses goşup, hünärimiz boýunça zähmet üstünliklerimiz bilen goşant goşmak bu günki ýaşlaryň — biziň mukaddes borjumyzdyr. Goý, halkymyzyň hakydasynda elmydama taryhymyza şöhrat, ykballara şan getiren mertebeli menziller orun alsyn. Bize şu topragy miras galdyran edermen türkmen gerçekleriniň, biwagt bolup geçen tebigy betbagtçylykda gurban bolanlaryň hatyrasy hiç wagt unudylmasyn. Döwrümize, döwletimize, abadan durmuşymyza, «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgämize bolan söýgi, her birimiziň kalbymyzda baky orun alsyn! Halkymyzyň hem-de tutuş adamzadyň abadançylygy ugrunda beýik başlangyçlary, ykbal güllediji teklipleri bilen çykyş edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, tu tumly işleri rowaç bolsun!

Soltangeldi BABAÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

“Nesil” gazeti,

06.10.2018ý.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1174 okalan

ENE HÜWDÜSI