KÜŞT oýnunyň taryhy barada bilmek hemmämiz üçin hem gyzykly bolsa gerek?! Gadymy dessanlarda, türkmen halk ertekilerinde hem ady agzalýan bu oýun geçmişde hem, şu günde hem uly meşhurlyga eýedir. Taryha altyn harplar bilen ýazylan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň hem sanawynda orun tutan bu oýun sport görnüşi hökmünde hem giňden tanalýar. Küşt oýny geçmişde «Sadranç», «Şahmat» ýaly atlar bilen meşhur bolupdyr. Ol has irki döwürlerde güýmenje hökmünde döräp, barha kämilleşýär.
Küşt oýnunyň taryhy barada dürli rowaýatlaryň we birnäçe çaklamalaryň bolmagyna garamazdan, bu oýnuň haçan we nirede dörändigi barada belli bir zat aýdyp bolmaz. Onuň döreýiş taryhy has gadymy döwürlerden gözbaş alýar. Diňe bir häzirki günlerde oýnalýan görnüşine gelenine 500 ýyldan gowrak wagtyň bolandygy çaklanylýar. Küşt oýny birnäçe atlary götermek bilen birlikde taryhyň dürli döwürlerinde dürli görnüşlerde oýnalypdyr.
Şol görnüşleriň biri hem «Çaturanga» görnüşi bolup, «çatur» dört, «anga» goşun diýmegi aňladýar. Beýle atlandyrylmagynyň sebäbi häzirki küşt oýunlarynda iki goşun bar bolsa, Çaturanga küştünde dört goşun bolupdyr. Gadymy wagtlarda hindileriň we sogdylaryň arasynda meşhur bolan Dabbanyň küşti bolsa 100 hanaly tagtada oýnalyp, Rum küşti diýlip atlandyrylýan görnüşde bolsa tegelek tagta ulanylypdyr. Şeýle-de gönüburçluk tagtada oýnalýan küşt hem beýlekilerden tapawutly bolup, onuň tagtasy uzynlygyna 16, inine bolsa 4 hanany özünde jemläpdir. Bularyň hersiniň öz düzgünleri bolupdyr. Taryhyň käbir döwürlerinde küştüň hanalarynyň hemmesi ak reňkli bolupdyr. Şunuň ýaly aýratynlyklary bolan küşt görnüşleriniň köpüsi taryhyň gatynda galyp, biziň günlerimize çenli häzirki görnüşine gelipdir.
Meýlis ÝAGŞYÝEW,
TMÝG-niň Serdar şäher Geňeşiniň bölüm müdiri.
“Nesil” gazeti,
09.10.2018ý.