Düýn paýtagtymyzda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2018» atly XI halkara sergisiniň we ylmy maslahatyň açylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň we Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guraýan bu halkara foruma milli we daşary ýurtly kompaniýalaryň ençemesi gatnaşýar. Her ýylda geçirilýän bu sergi ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamynda alnyp barylýan işleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Biz hem sergä gatnaşyjylaryň birnäçesi bilen söhbetdeş bolduk we olary ýazga geçirdik.
Wadim PONOMARENKO,
«Hitech» kompaniýasynyň aragatnaşyk ulgamy bölüminiň başlygynyň orunbasary:
— Her ýyl geçirilýän bu halkara sergisine gatnaşmak biziň üçin örän ýakymly. Çünki Türkmenistan bilen köp ýyllardan bäri hyzmatdaşlyk edýäris. Biziň kompaniýamyz özüniň ýokary hilli elektron enjamlary bilen dünýäde tanalýar. Bu rus kompaniýasy GDA-nyň bazarynda has-da işjeň hereket edýär we IP telekommunikasiýa ugurlary bilen meşgullanýar. Dünýäniň aragatnaşyk ulgamynyň merkezi guramasynyň wekilleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýýar we dünýäniň telekommunikasiýa enjamlaryny öndürýän birnäçe meşhur «Huawei», «Dell» «HP» ýaly kompaniýalar bilen hem işjeň aragatnaşyk saklaýar. Halkara derejesinde geçirilýän şeýle ajaýyp sergä gatnaşyp, kompaniýamyzyň işlerini giň gerimde ýola goýmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Türkmenistanyň hormatly Prezidentine köp sagbolsun aýdýarys.
Oguljan AÝNAZAROWA,
Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň uly mugallymy:
— Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan Diýarymyz ösüşlere, özgerişlere beslenýär. Paýtagtymyzyň gözel künjegi bolan sergi köşgünde «Türkmentel — 2018» atly XI halkara sergisi geçirilýär. Bu sergä biz Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň talyp ýaşlary we professor-mugallymlary bilen gatnaşyp, institutymyzda hereket edýän «Ýaş alymlar» geňeşiniň ylmy işlerini getirdik. Bu sergide, esasan, awtomatlaşdyrylan protez el, ses buýruklary arkaly dolandyrylýan akylly öý ulgamy hem-de aragatnaşyk kärhanasynda peýdalanylýan sortlaýjy konweýer ýaly dürli görnüşli maketlerimizi sergä çykardyk. Bu ýaş alymlar geňeşi biziň ýokary okuw mekdebimizde 2013-nji ýyldan bäri hereket edip, bu ýerde talyplarymyz elektroniki aragatnaşyk ugry we tehnika ugurlary boýunça birnäçe maketleri taýýarlaýarlar hem-de ylmy işler bilen meşgullanýarlar. Şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Ýazga geçiren Laçyn BERDIMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.
“Nesil” gazeti,
11.10.2018ý.