Durmuşda ynsan kalbyna täsir etmekde çuňňur manyly sözden ähmiýetli zat ýok bolsa gerek. Ýagşy sözler, süýji jümleler, pähimler her bir adamyň göwnüni göterýär, ýüregini giňeldýär, haýyrly işlere höwes döredýär, durmuş meselelerine aýdyň çözgüt we çykalga tapyp berýär. Çuňňur mazmunly kitaplar, ajaýyp eserler ynsan üçin uly tapylgysyz sowgatdyr. Ynsan ruhuny gandyrmakda kitap akyl hazynasy, söz mülküniň genji, ygtybarly taryhy maglumatlaryň hem çeşmesidir. Akyl sandyklarynyň beýany bolan kitap hakynda, gör, nähili jümleler aýdylypdyr. Olaryň ählisini bir ýere jemlesek dünýäni haýrana goýýan kaşaň ymaratlaryň ýüzlerçesini bina etse bolardy. Ol kitaplardan ganma ýok. Hut şeýledigi üçin ykbalyny eserlere, galyberse-de, kitaba baglan adamlaryň keşbi hakydalarymyzda heýkele öwrülip hemişelik ýaşaýar. Akylyň gämisinde ýüzüp many ýüki ýetik kitaplara düşünmegiň, akyl ýetirmegiň, olarda jemlenen syrlara aralaşmagyň arzuwy bilen ýaşan Magtymguly atamyz kitaba uly hormat goýup: «Kitap okan gullar, magnydan dokdur» diýip belläpdir.
Halkyň hazynasyna öwrülen beýleki däp-dessurlarymyz bilen bir hatarda, kitaby söýmek, ylym-bilime sarpa goýmak ýörelgesi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen giňden dabaralanýar. Halkymyzyň owal-ahyrda iň ezizlän ruhy gymmatlyklarynyň biri kitap bolupdyr. Onuň kerem-keramaty, gudraty, täsiri dogrusynda aýdylýan zatlar juda kän. Sebäbi kitap dünýädäki iň uly ähmiýetli hazynany — söz baýlygyny özünde jemleýär. Geçmişiň beýanyny, taryhyny, şu günüň habaryny, geljegiň bolsa umytlaryny we maksatlaryny kitap gatlaryndan tapyp bilýäris. Şonuň üçin hem ylym-bilimiň, sowatlylygyň gözbaşy, paýhaslar ummanyny özünde jemleýän kitaby halkymyz dürler hazynasyna deňeýär. Kitap mähirli dostdur, şeýle hem adamzat durmuşy baradaky maglumatlaryň baý çeşmesidir.
«Kitap geçeni, geljegi öwredýän dana» diýip, hormatly Prezidentimiz örän jaýdar belleýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen kitaphanalarymyz barha baýlaşýar. Neşir işlerinde öňegidişlikler gazanylýar.
Gahryman Arkadagymyz hemişe ösüp gelýän ýaş nesilleri çuňňur watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekligi ündeýär. Çünki Watana, beren sözüne, iýen duzuna ygrarly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmeklik şu günüň baş wezipesidir. Gahryman Arkadagymyzyň Watany gözlerimiziň göreji deý söýmekligi ündeýän ajaýyp eserleri her bir adamyň ýankitabyna, ýol görkeziji şamçyragyna öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ajaýyp kitabynyň ikinjisinde hem Türkmenistan döwletimiziň geçmiş taryhyny ýazýar. Çünki bu kitapda dünýä ýaň salan gadymy Ýüpek ýolunyň gymmatlyklary jikme-jik beýanyny tapýar.
Hormatly Prezidentimiz täze kitabynda: «Kitap okap, hakykata göz ýetirmek, pähimli pikirlere uýmak ähli ynsanlary birleşdirýär» diýip belleýär. Bu hakykaty Gahryman Arkadagymyzyň bütin adamzada dahylly bolan beýik başlangyçlarynda, ykbal güllediji tekliplerinde görmek bolýar. Hut şonuň üçin hem ajaýyp eseriň üsti bilen milli Liderimiz dünýä halklaryny parasatly pikirler bilen birleşdirmäge çagyrýar. Beýik Ýüpek ýoluna degişli ähli gymmatly taryhy hakykatlar bolsa elimizdäki eserde aýdyňlygy bilen jemlenendir. Kitapda: «Dünýäni söküp, yklymlary birikdirýän ýollar nowjuwan Türkmenistanyň üstünden geçýär» diýilýär. Şol nowjuwan Türkmenistan bu gün arzyly Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmekde ilkinji başlangyçlary öňe sürdi we özüniň bu ugurda taryhy tejribeleriniň ýeterlikdigini dünýä äşgär etdi.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2018-nji ýylyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip atlandyrylmagy hem bu şöhratly ýoluň ugrunda ýerleşýän medeni ýadygärlikleri, gadymy şäherleri öwrenmekde hem-de olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly ähmiýete eýedir. Elbetde, Beýik Ýüpek ýoly türkmen döwletiniň öz döwründe at-owazasyny belende göteren bolsa, türkmeniň myhmansöýerligi, türkmen topragynyň sahawaty, keramaty bilen bu ülkeden geçen kerwenler türkmen baradaky, türkmeniň ýurdy baradaky gowy ýatlamalar bilen giden bolsa, hut şu ýoly yzarlap geçen «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi hem türkmeniň at-abraýyny belende göterdi.
Nesil göreldesine iň wajyp orny degişli edýän halkymyzda söze-de, saza-da uly hormat goýulýar. Oguz han atamyzyň «Bir dil bilen bir adam, iki dil bilen iki adam, üç dil bilen üç adam» diýen sözlerini durmuşymyza ornaşdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynyň birbada üç dilde beýan edilýänligi hem aýratyn bellärlikli ýagdaýdyr. Bu gün dünýäniň ösüşli menzillerine gadam deňlän halkymyzy giň dünýä ykrar edýär. Çünki türkmeniň milli ruhy dünýä halklaryna aýan dilde saýraýar. Şeýdibem halkymyzyň milli mentaliteti, beýik taryhy, milli duýgulary älem-jahana ýaýraýar.
Watany, enäni, ene topragy söýmekligiň beýik nusgasyny görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, tutýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun! Ajaýyp eserleriniň höwri köp bolsun!
Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.
“Nesil” gazeti,
13.10.2018ý.