Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistan döwletimiziň ykdysadyýetiniň ileri tutulýan pudagy bolan, oba hojalygyny döwrebap ösdürmekde edýän bimöçber aladalarynyň yzy üzülenok. Munuň aýdyň mysaly bolup, ýaňy-ýakynda merjen şäherimiz Aşgabatda Ýokary derejede geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynda ýurdumyzyň oba hojalygynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek, bu ugurda alnyp barylýan işleri döwrebap usulda guramak, oba hojalygyna Hususy önüm öndürijileri giňden çekmek hem-de ýer-suw serişdelerini
Netijeli peýdalanmak maksady bilen birnäçe kararlar Kabul edildi. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda Ösdürilip ýetişdirilýän ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, önüm öndürijileri höweslendirmek maksady bilen 2019-njy ýylyň
Hasylyndan başlap, bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlaryny hem-de olary ösdürip ýetişdirmek bilen bagly kärhanalar Tarapyndan ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň bahalaryny ýokarlandyrmak baradaky Kabul eden Karary kärendeçileri
has-da ruhlandyrdy. Kärendeçilerimize täze kuwwatly kombaýnlaryň onlarçasynyň
satyn alnyp berilmegi döredilýän giň mümkinçilikleriň biridir. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi » ýylynda babadaýhanlarymyz «ak altynyň» bereketli hasylyny kemala getirmegiň hötdesinden geldiler. Lebap welaýatynyň Dänew etrabynda hem oba hojalygynyň möhüm möwsümleriniň biri hasaplanýan pagta ýygymy ýokary guramaçylykly we
gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýär. Daýhan birleşikleriniň ýer eýeleri, kärendeçileri, ýüwrük elli ýygymçylary güýz paslynyň häzirki günlerinde gowaça meýdanlarynda daň säherden tä giç agşama çenli uly joşgun bilen zähmet çekýärler.
Her günde ýokary netijeleri gazanýarlar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Dänew etrap Geňeşi hem ýygymçy pagtaçylaryň armasyny ýetirip, badyna bat goşmak maksady bilen etrabyň Azady daýhan birleşigi bilen bilelikde Geňeşiň ýörite meýilnamasy esasynda «Ak altynym — ak bagtym » ady bilen ýygymçylaryň arasynda biraýlyk bäsleşigi yglan etdi. Pagtaçy kärendeçileriň
we ýüwrük elli ýygymçylaryň gatnaşmagynda dowam eden bäsleşigiň biraýlygynyň
jemi uly ruhubelentlik bilen jemlendi. Çekeleşikli geçen bäsleşikde etrabyň Azady
daýhan birleşiginiň 8-nji toparynyň pagtaçy kärendeçisi Adalat Süleýmanowa ýeňiş
gazandy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Dänew etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hata we gymmat bahaly sowgada mynasyp boldy. Bäsleşigiň dowamynda etrap medeniýet bölüminiň bagşy-sazandalarynyň
aýdym-sazly çykyşlary pagtaçy ýygymçylarda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy we ruhubelentlik duýgusyny döretdi. Bu gyzykly geçen bäsleşik ýene-de köp sanly meýletinçi ýygymçy ýaşlary özünde jemledi we bäsleşigi 15 günlük dowam etdirmeklik meýilnama goşuldy. Şeýle täsirli bäsleşikler etrabyň «Parahat », «Watan» daýhan birleşiklerinde hem geçirildi. Hormatly pagta ýygymyna höwesli ýaşlar! Döwletimiziň baýlygy bolan «ak altyny » öz wagtynda, Watan harmanyna tabşyrmaga öz saldamly goşandyňyzy goşmagy we bäsleşikleriň ýeňijisi bolmagyňyzy arzuw edýäris. Işiňiz ileri, ýüwrük elli ýygymçylar!
Jemal BAZAROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Dänew etrap Geňeşiniň başlygy.
“Nesil” gazeti,
16.10.2018ý.